Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny resmi sapar bilen Ukraina gelmäge çagyrdy
Syýasy habarlar
Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny resmi sapar bilen Ukraina gelmäge çagyrdy
Çap edildi 14.02.2017
1259

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-birege jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler. Ukrainanyň Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy hem-de ýurduň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize türkmen halkynyň bähbidine bellenilen ähli maksatlara ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen-ukrain gatnaşyklaryna ýokary bermek bilen, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklary we özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini nazara almak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň geljekde hem dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklamak bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pýotr Poroşenko döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge çemeleşmelerini ylalaşdylar. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak ýörelgelerine esaslanýar. Iki ýurduň Prezidentleri halkara giňişliginde türkmen-ukrain gatnaşyklary bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, halkara syýasatynyň käbir meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyny bellediler. Şunda Prezident Pýotr Poroşenkonyň nygtaýşy ýaly, Ukraina Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde esasy orny eýeleýän döwlet, geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar hem-de gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giňeltmek ugrunda çykyş edýär diýip belledi. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine özara ynam bildirmek bilen söhbetdeşler ynsanperwer ugurda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklary has-da giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Pýotr Poroşenko milli Liderimizi özi üçin islendik amatly wagtda Ukraina resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda hem dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryny görmäge hemişe şatdygyny belledi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pýotr Poroşenko söhbetdeşligiň ahyrynda iki halky gadymy döwürlerden bäri baglanyşdyrýan doganlygyň we hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň bähbitlerine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen we ukrain halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow