Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek barada pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek barada pikir alyşdylar
Çap edildi 14.02.2017
1284

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Owgan Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Goňşy döwletiň ýolbaşçysy ýurduň parahat durmuşyny berkitmekde berýän hemişelik kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we bütin türkmen halkyna uly hoşallyk bildirdi. Öz nobatynda milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Mohammad Aşraf Ganä minnetdarlyk bildirdi, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Ýurdumyzyň goňşy döwletdäki ýagdaýlary diňe parahatçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirmek ýörelgesi bilen çykyş edip, mundan beýläk-de owgan ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ätjekdigini aýtdy. Soňra söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri mundan beýläkki döwletara hyzmatdaşlygyna çemeleşmeleri anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetikany we beýleki birnäçe pudaklary özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek ýaly möhüm meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki goňşy döwletiň Baştutanlary ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar. Söhbetdeşligiň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystan Yslam Respublikasynyň tutuş adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň has oňaýly çözgüdini tapmagyň bähbidine umumy tagallalary jemlemäge gönükdirilen Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanlary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň oňat däplerine, taraplaryň özara hoşniýetli erkine daýanyp, ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany owgan kärdeşini ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani türkmen hem-de owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow