Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
Çap edildi 29.07.2026
21

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny berýär.

Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, okuwlary, durmuşy we ene-atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy. Munuň özi ýaşlaryň öňde boljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda üstünlik gazanmaklary üçin Milli Liderimiziň ak patasy hökmünde kabul edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedew atlara erk etmekdäki nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Häzirki döwrüň ýaşlary baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň, çylşyrymly hereketleriň ussady hökmünde ykrar edilen ýaşlardan ybaratdyr. Toparyň dürli ýyllardaky gazanan ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň çäksiz aladasynyň, parasatly öwüt-ündewleriniň, nusgalyk göreldesiniň netijesidir.

Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde Türkmenistanyň abraýyny belende göterjek oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, toparyň agzalarynyň üstünlikli çykyş etmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we olaryň halkara çärelerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, üstünlik gazanmaklaryny, türkmen tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalarynyň halkara ýaryşlarda halkymyza mahsus merdanalygy, ussatlygy we saýlap alan hünärine bolan yhlasyny görkezjekdiklerine ynam bildirdi hem-de Watanymyzyň hemişe ýaşlaryň beýik maksatlaryna goldaw berjekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň barşynda ýaşlaryň Watanymyzyň abraýyny goramaklary, ony jandan eziz görmekleri barada maslahatlaryny berdi.

Halkara bäsleşikler jemlenenden soňra, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralary ýaýbaňlandyrylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk we atly sport çäreleriniň ýokary derejede geçiriljekdigine, ahalteke bedewleriniň toý-baýramlaryň bezegine öwrüljekdigine, toparyň çykyşlarynyň şanly wakalary has-da dabaralandyrjakdygyna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze oýunlary we çylşyrymly hereketleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw etdi. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagyny üpjün eder.

Toparyň agzalary döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, öňde boljak halkara bäsleşiklerde täze ýeňişleri gazanyp, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlara milli atçylyk sportuny ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Şu günler hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Bu ýerde halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara çärelere gatnaşygyny, ähli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny bellemeli.

Guraljak çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek, milli bezeg işleri bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär. Şeýle hem öňde boljak çärelere taýýarlygyň dowamynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary ýerli atşynaslar, bu ugur boýunça ylmy işleri alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary guraýarlar. Munuň özi ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen toparlarynyň çykyşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň beýanydyr.

Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde halkara çäreleri guramaga niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şunda atly sport ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly aýratynlyklary, ýaryşlary guramagyň tertibi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Ýerli hünärmenlerdir atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen içgin tanyşmak we ony Ýewropa ýurtlarynyň atşynaslarynyň arasynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine üns berdiler. Munuň özi dünýä ýurtlarynda atşynaslyk, aýratyn-da, ahalteke atlaryny seýislemegiň usullary bilen baglanyşykly maglumatlaryň bir ýere jemlenmeginde we onuň dünýä atşynaslary üçin elýeterli bolmagynda ähmiýetlidir.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň atlary seýislemek boýunça taryhyň dowamynda döreden nusgalyk ýörelgeleriniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçirilýän duşuşyklarda dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň özboluşly aýratynlyklaryna, bäsleşikleri geçirmegiň tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň güwäsidir.

Soňky habarlar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
28.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07
Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
top-arrow