Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 14.02.2017
1313

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça GDA-nyň Synçylar toparynyň baştutany hökmünde Aşgabada geldi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtyna ýene-de gelip görmek hem-de düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurduň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Sergeý Lebedew pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen döwlet Baştutanymyzy gutlady hem-de ýokary döwlet wezipesinde iri möçberli işlerinde we bellenen maksatnamalary durmuşa geçirmekde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar toparynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada döwlet Baştutanymyza habar berip, ses bermegiň netijeleriniň döredijilikli içeri we daşary syýasaty türkmenistanlylaryň parahat hem-de abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolan Türkmenistanyň Prezidentine halkyň doly ynam bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we innowasion ösüş ýoluna eýerjekdigini nygtady. Şol ýörelge Watanymyzyň gülläp ösmegini we adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Arkalaşygyň doganlyk halklary bilen däp bolan dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryna belent sarpa goýýandygyny hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli köpýylyk aragatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesini nazara alyp, GDA assosirlenen agza bolup gatnaşýar. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman Arkalaşygyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alşyp, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşiniň meselelerine degip geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde ysnyşykly özara hereket edilmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Munuň şeýledigine Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde soňky ýyllarda birnäçe çäreleriň we maslahatlaryň geçirilmegi-de aýdyň subutnamadyr. Mälim bolşy ýaly, Mary we Daşoguz şäherleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagtynyň hormatly wezipesine üstünlik bilen hötde geldiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň örän uly üns berýän sporty ösdürmek we jemgyýetde, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman şu ýylyň sentýabrynda Aziada-2017-niň ýaryşlary geçiriljek Aşgabatdaky ajaýyp sport desgalaryna baryp görmek mümkinçiliginiň döredilendigini belläp, türkmen türgenlerine öňde köp täze uly ýeňişleriň we üstünlikleriň garaşýandygyna ynam bildirdi. Sergeý Lebedew Aşgabada gelmeginden galan täsirleri paýlaşyp, bu ýerde bolup geçen ägirt uly özgertmelere örän guwanýandygyny aýtdy. Şol özgertmeleriň netijesinde türkmen paýtagty okgunly özgerýär hem-de has-da gözelleşýär. Myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ähmiýetli waka -- BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk gününi bellemek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Mundan beýläk bu sene 12-nji dekabrda bellenip geçiler. Nygtalyşy ýaly, munuň özi Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynda eýeleýän ähmiýetli ornunyň ajaýyp ykrarnamasydyr, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek işinde ýurdumyzyň hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işine beren ýokary bahasy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işine berýän hemişelik goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Sergeý Lebedew ýurduň täzeden saýlanan Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň öňde goýlan döredijilikli maksatlara ýetmäge tarap öňe ynamly hereketini dowam etjekdigine ynam bildirdi hem-de tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow