Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
Çap edildi 17.07.2026
27

Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Gül goýmak dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.

Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Irakliý Kobahidze 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Ol Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, dostlugyň nusgasy bolup durýar.

Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň depginli artýandygyny belledi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy. Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli, geljegi uly taslama hökmünde görkezildi.

Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Syýahatçylyk pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda anyk we geljegi uly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi. Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Irakliý Kobahidze çakylyk üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Gruziýanyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruzin köşk-muzeýler bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruziýanyň Patyşalyk Aziýa jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen «Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda kitaphana işi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gruziýanyň Göçürilenleriň işleri boýunça, zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goragy ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentligi» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda deňiz ulag howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Batumi döwlet deňiz akademiýasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda hünärmenleri taýýarlamak we deňiz bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Gruzin demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen «Europe 24» TW-kompaniýasynyň (Gruziýa) arasynda habarlar materiallaryny alyşmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Irakliý Kobahidze döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran ikinji döwlet saparydygyny, birinji sapary 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrandygyny belledi. Gruziýanyň Hökümet Baştutany şu saparyň gruzin-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilendigini, bu resminamalaryň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda özara gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, Gruziýanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaş hem-de dostlukly döwlet hökmünde garaýandygyny belledi. “Biziň gatnaşyklarymyz köpýyllyk hyzmatdaşlyga we özara hormat goýmaga esaslanýar” diýip, Irakliý Kobahidze aýtdy.

Gruziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, infrastrukturanyň kämilleşdirilendigini, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylandygyny belläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşiň ýoly bilen öňe gitjekdigine ynam bildirdi. Ol ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we özara söwdany, eksporty giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag-logistika, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.

Irakliý Kobahidze gepleşikleriň dowamynda halkara we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, Gruziýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň Premýer-ministri çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu duşuşyklaryň dostlukly we işjeň ýagdaýda geçendigini, saparyň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady. “Biz mundan beýläk-de ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny döretmek, yzygiderli diplomatik tagallalary etmek barada ylalaşdyk. Gruziýa ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Gruziýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny we beýleki birnäçe ugurlarda halkara başlangyçlaryny goldaýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Gruziýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin anyk şertleri döretmäge aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty, Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi üstünlikli geçirildi. Haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmekde iki ýurduň uly mümkinçiliklere eýedigi tassyklanyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde iki ýurduň telekeçilik düzümlerine aýratyn orun berildi. Şeýle-de özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde belläp, Günorta Kawkazyň “Hazar deňzi — Gara deňiz” üstaşyr ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda Gruziýa geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda «Lazurit» geçelgesi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň gatnaşmagynda “Hazar deňzi — Gara deňiz” geçelgesi taslamasy ýaly ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki geljegi uly taslamalaryň bardygyna ünsi çekdi. “Şeýle hem ýurtlarymyz TRACECA ulag geçelgesiniň gatnaşyjylary bolup durýarlar. Bu taslamalaryň ählisi boýunça işleri ikitaraplaýyn derejede dowam etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamynda, syýahatçylyk, oba hojalygy, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda, beýleki ugurlaryň birnäçesinde Gruziýa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň gowy mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Gruziýanyň medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik babatda hyzmatdaşlyk etmegi üçin oňaýly şertleri döretmek barada ylalaşylandygyny, ylym-bilim ulgamlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdiginiň bellenilendigini, saparyň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigini belläp, Premýer-ministr Irakliý Kobahidzeni bu sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda bu taryhy wakanyň 35 ýyllygyny giň gerimde, ýokary derejede bellemegiň teklip edilendigini tassyklady.

“Biz Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirýäris. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň geljekde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Gruziýa döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döredýär, üstünlikli geçirilen gepleşikler bolsa özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar.

***

Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti logistika hyzmatlary boýunça birnäçe gruzin kompaniýasy bilen Şertnama, “Tibet türkmen” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti distribýuterligi almak boýunça Şertnama, “Şerbetli Ak gar” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Täç hil” hojalyk jemgyýeti Gruziýa himiki-ýuwujy serişdeleri eksport etmek boýunça Şertnama, “Ygtybarly ätiýaçlandyryş” AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk harytlaryny satmak we almak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Soňky habarlar
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
top-arrow