Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Çap edildi 16.07.2026
1747

Hormatly jenap Premýer-ministr!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Bu günki forum ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýtsak, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy. Onuň esasy maksady Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdyr. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistan dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişdi. Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüş gazandy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudak hem netijeli ösdürilýär. Soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikler ýola goýuldy. Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär.

Oba hojalyk pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýar.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä, hususy telekeçilik ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidir.

Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar.

Biz bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly we anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýarys. Şeýle çäreleriň yzygiderli esasda Türkmenistanda hem-de Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýarys.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Size netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary hem-de tejribeleri alyşmagy arzuw edýärin.

(Tbilisi şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuly)

Soňky habarlar
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
top-arrow