Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
Çap edildi 16.07.2026
27

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň martynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek.

Ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Bu ulgamda tagallalary utgaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparyna aýratyn orun degişlidir. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin has amatly şertleri döretmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar.

Ulag-logistika pudagy türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynda wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Hazar deňzindäki we Gruziýanyň Gara deňizdäki kuwwatly port düzümleri ýurtlarymyza Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän «Hazar deňzi — Gara deňiz» multimodal ugry, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesi ýaly möhüm halkara geçelgeler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleri açýar.

Medeni-ynsanperwer dialog döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup, iki halky ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Ýurtlarymyz ylym-bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. Taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Mihail Kawelaşwili ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary haly düşelen ýodajyk boýunça ýöräp, Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Gruziýanyň Döwlet baýdagynyň öňünde durýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Gruziýanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekledi hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gruziýa sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny bu waka bilen gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi — Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.

Ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.

Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi.

Forumda, ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýada kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi we şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly, ýokary depginde ösdürilýändiginiň, hususy pudak, işewürler üçin täze, giň gözýetimleri açýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidigini nygtady.

Irakliý Kobahidze häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.

Gruziýanyň Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy. «Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli ösdürilýändigini, soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikleriň ýola goýlandygyny aýtdy.

Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär. Oba hojalyk pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady. “Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle çäreleriň yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýandygyny nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary, tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga güýçli itergi bermäge gönükdirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň çäklerinde guraldy. Bu möhüm çäräniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň gatnaşmagy onuň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.

Döwlet we hökümet Baştutanlary sergi pawilýonlaryna bilelikde aýlanyp, türkmen ykdysadyýetiniň köpugurly kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergä bolan ýokary gyzyklanma taraplaryň netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara taýýardyklarynyň aýdyň beýanydyr.

«Ekspo Georgia» meýdançasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrlikleri öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu çärä işjeň gatnaşmagy olaryň Gruziýanyň we tutuş Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga doly taýýardyklaryny görkezýär.

Sergi eksponatlary ýurdumyzyň senagatlaşma depgininiň ýokary derejesini, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary ykdysady syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tbilisidäki giň gerimli çäre diňe bir Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin berk binýady döretdi.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
top-arrow