Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Syýasy habarlar
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Çap edildi 24.06.2026
1027

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary esasynda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işleriň uly üstünliklere beslenýändigi buýsanç bilen bellenildi.

Häzirki döwürde her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýän ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda sebitiň ýurtlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklar özara bähbitli esasda ösdürilýär. Munuň özi dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň has-da pugtalanmagyna giň ýol açýar. Bu bolsa sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň berkidilmeginiň möhüm şertini emele getirýär.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasynda yzygiderli ilerledilýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam edýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, halkara derejedäki strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlar oňyn netijesini berýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda netijeli ösdürilýär. Şunda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilýän başlangyçlaryň ähmiýetine möhüm üns berildi. Hazarüsti söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynda ähmiýetlidir.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Iki doganlyk halkyň umumy taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda mundan beýläk-de giňelmegini üpjün edýär. Munuň özi türkmen we azerbaýjan halklarynyň ruhy taýdan ýakynlygyny, durmuş ýol-ýörelgeleriniň umumylygyny äşgär edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goňşy ýurda bolan döwlet sapary iki doganlyk halkyň gadymdan gelýän gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilmegine giň ýol açdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzap gidýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde doganlyk ýurduň Türkmenistana “Dostluk” atly nebit tankerini sowgat bermegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Prezident Ilham Aliýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza dabaraly ýagdaýda tankeriň şahadatnamasyny gowşurdy.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň we möhüm ähmiýetli resminamalar toplumyna gol çekilmeginiň hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrülendigi bellenildi. Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi goňşy ýurtlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk däpleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köptaraply esasda ösdürilmegine giň ýol açýar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak, maglumat alyşmagy işjeňleşdirmek we beýleki ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygy ösdürmek döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň goňşy ýurda bolan döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iki döwlet üçin hem ähmiýetli boljakdygyna aýratyn üns berildi. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň we logistika merkezleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de bu ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine uly üns berilýändigini bellemek gerek.

“Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahata gatnaşyjylar ähli ugurlarda işleriň netijeli alnyp barylmagy babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow