Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Çap edildi 22.06.2026
29

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmäge, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda berkarar döwletimiziň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Diýarymyzda halkara derejede geçirilýän forumlar, maslahatlar, sergiler, festiwallar we beýleki çäreler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnuklylygy, agzybirligi berkitmäge gönükdirilen işjeň tagallalarynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly medeni foruma gatnaşyjylar!

Medeniýet milletimiziň mertebesidir, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygydyr. Şoňa görä-de, biz medeniýeti we sungaty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir.

Täze taryhy döwürde aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam, teatr, kino sungatyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň, medeni aň-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary milli senenamamyzda orun alan baýramlara, şanly senelere, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna özboluşly bezeg berýär. Teatrlarda görkezilýän sahna oýunlary, kinoteatrlardaky çeper filmleriň görkezilişleri, medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary bagtyýar halkymyza döwrebap medeni hyzmatyň guralýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şanly wakalar bolsa medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Balkan welaýatynda öz işine başlaýan Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini ähli ajaýyplygy bilen açур görkezmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn. Biz ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň, artistleriň, suratkeşleriň bu sungat baýramçylygyna täzeden-täze döredijilik sowgatlary bilen gelýändiklerine örän guwanýarys.

Häzirki döwürde il içinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olarda medeniýete, sungata, edebiýata söýgi döretmek esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi sungata höwesli ýaşlaryň ençemesini ýüze çykardy. Türkmen edebiýatyny ösdürmäge ukyply ýaş ýazyjy-şahyrlary goldamak maksady bilen, edebi duşuşyklar geçirilýär, şygryýet agşamlarynda ýaş şahyrlar çykyş edýärler.

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Balkan topragy şöhratly taryhy, tebigy täsinlikleri bilen haýran galdyrýan, köňüllere ylham berýän toprakdyr. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki Maşat-Misserian ýadygärlikleri orta asyr sungatynyň gaýtalanmajak gözellikleriniň nusgalaryny özünde jemleýär.

Balkan topragynda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren Garadäli Gökleň, Baýram şahyr, Sary Garryýew, Söýün Amangeldiýew, Annagül Annagulyýewa, Täçbibi Gafurowa, Çary Amangeldiýew, Pyhy Taganow, Ýylgaý Durdyýew, Anna Kowusow, Saýlaw Myradow, Anna Gurtgeldiýew, Gurbandurdy Geldiýew, Nurberdi Gulow, Giçgeldi Amanow, Soltan Atanepesow, Aşyrmämmet Dawudow, Molla Çäkliýew, Saryhan Sapaýew, Döwletgeldi Ökdirow, Oraznepes Döwletnazarow, Aşyr Gurbanow, Gurbanmämmet Garajaýew, Akmämmet Nurmämmedow, Geldimämmet Orazgulyýew, Baýramdurdy Garaýew, Baýramguly Aýjanow, Japar Hojanepesow, Oraz Begnyýazow ýaly ençeme meşhur aýdymçy-sazandalar, edebiýat we sungat ussatlary kemala geldiler. Olaryň galdyran baý döredijilik mirasy şu günki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
top-arrow