Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda 1992-nji ýyldan gözbaş alýan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklardan ybarat bolan berk hukuk binýadyna esaslanýar. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyrýan bu sapary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda dostlukly ýurda amala aşyran taryhy resmi saparynyň netijelerini has-da pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, strategik sepgide çykarmaga gönükdirilendir.
Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hem birek-birege goldaw berip, özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet hem-de resmi saparlarynyň dowamynda pugtalandyrylan döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda ýangyç-energetika, tehnologiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär.
...Ir bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.
Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Soňra hormatly myhmany resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berdi. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Premýer-ministr Anwar Ibrahim bolsa hormatly Prezidentimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Wekiliýet Baştutanlarynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi, şeýle-de öz adyndan we Milli Liderimiziň adyndan Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahime mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Soltan Ibrahimiň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Malaýziýanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýatlap, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-birege goldaw berýärler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýändiklerini aýdyp, munuň üçin Malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaý gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli hem-de netijeli ösdürilýändigini, bu döwürde ýokary derejedäki özara saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, saparyň dowamynda Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de halkara gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ruhy gymmatlyklary, döwletara gatnaşyklaryň filosofiýasy biri-birine ýakyn bolan ýurtlardygyna ünsi çekdi. Bu gymmatlyklar berk taryhy binýada, däp-dessurlara, medeniýetleri hormatlamaga esaslanýar. “Bularyň ählisi halklarymyzyň arasynda mähirli gatnaşyklary ýola goýmak üçin binýat bolup hyzmat etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hakyky dostluk hem-de doganlyk häsiýetini berdi. Şeýle-de munuň özi üstünlikli, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy, giň ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda türkmen-malaý dialogyny mundan beýläk-de giňeltmek, hil taýdan baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýany hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, dünýä we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarda pikirdeş hökmünde görýändigini, Malaýziýanyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletdigini minnetdarlyk bilen belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara derejede ykrar etmekde Malaýziýanyň beren goldawyna ýurdumyzda ýokary baha berilýändigine ünsi çekdi. “Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmagyň, bu guramanyň Tertipnamasy, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary esasynda ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmäge işjeň, kesgitleýji derejede gatnaşmagynyň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň dünýä giňişliginde Türkmenistany, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini üýtgewsiz goldaýandygyny aýdyp, dostlukly döwletiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamany goldandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Malaýziýa Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygynyň, halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalaryň awtordaşy bolup yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan Malaýziýa bilen Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk eýerýär, iş ýüzünde özara goldamagy we ýurtlarymyz üçin örän möhüm resminamalary işläp taýýarlamaga bilelikde işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişlikde bilelikde işlemegiň wajyp wezipeleriniň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzda Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini, ählumumy çözgütler kabul edilende olara berlen mynasyp orny we adalatly hukugy goramagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilelikdäki işlerde örän möhüm ugur hökmünde kesgitläp, ýurdumyzyň Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň filosofiýasyna we işine, «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk», hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly düýpli garaýyşlaryna gabat gelýär.
“Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy berkitmegi möhüm hem-de zerur diýip hasap edýäris. Ulgamlaýyn medeniýetara dialogy ýola goýmaga, köne kadalary hem-de garaýyşlary ýeňip geçmäge, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda belledi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynda giň möçberli we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny, olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, halklarymyzyň gadymy däpleri, baý taryhy mirasy bar. Bu däpler we miras birek-biregi ýakyndan tanamaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz bilim we tejribeli hünärmenleri taýýarlamak babatda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tejribesini aýratyn nygtap, ýurtlarymyzyň akademiki düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, ylmy alyşmalary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamy giň mümkinçilikleri bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhmanyň şu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belläp, şu duşuşygyň iki döwletiň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklaýandygyna ynam bildirdi hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparynyň hem-de özüniň şu gezekki taryhy saparynyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda täze gözýetimleri açandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bar bolan mümkinçilikleri giňeltmegiň guraly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän parasatly garaýyşlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Premýer-ministr geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini aýdyp, geçen döwrüň dowamynda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde zerur tagallalary edendiklerini belledi.
Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda, hususan-da, «PETRONAS» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň, medeni umumylyklaryň aýratyn ähmiýetiniň nygtalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň malaý diline terjime edilmeginiň medeni dialogyň aýdyň nusgasy bolandygyny, häzirki wagta çenli şahyryň 100-e golaý goşgusynyň terjime edilendigini aýtdy.
Premýer-ministr hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň örän ýokarydygyny, Türkmenistanyň bolsa strategik taýdan möhüm hyzmatdaşdygyny belledi. Häzirki wagtda ASEAN bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin utgaşykly hereket etmek zerurdyr.
Anwar Ibrahim Malaýziýada energetika pudagynda, maglumat merkezleriniň işini guramakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň toplan baý hem döwrebap tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini, «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Ol ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydygyny aýdyp, Malaýziýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren teklipleriniň ähmiýetini belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Häzirki döwürde Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary depginde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum işjeňligi bu gatnaşyklaryň özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Anwar Ibrahim 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýän «PETRONAS» kompaniýasynyň alyp barýan işlerine berilýän goldawlar üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň şahsy goldawyna aýratyn orun degişlidigine ünsi çekdi.
Sözüniň ahyrynda Anwar Ibrahim bilelikdäki tagallalaryň esasynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk köprüleriniň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada şu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriň giň toplumyna seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, sebit, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar hem-de Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň netijeleri beýan edilýär.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekiliýetleriniň gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara meseleler barada pikir alşylandygyny, garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen söhbetdeşligiň doly özara düşünişmek, ýokary ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýratyn belläp, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýasy özara hyzmatdaşlygyna, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklaryna baha berlendigini aýtdy.
Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklaryň adalatly, deňhukukly, parahatçylykly, howpsuz ulgamyny emele getirmek ugrunda çykyş edýärler. Biziň ýurtlarymyz halkara hukugy, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyndan ugur alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň hem, öz nobatynda, Malaýziýanyň netijeli garaýyşlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirerler. “Bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk has-da ilerlediler. Şeýle hem ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy. Ýokary tehnologiýalar, tehniki, inženerçilik kooperasiýasy, bank we maliýe işi, şähergurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna goşular” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ulag-logistika ulgamynda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň hem işjeňleşdiriljekdigini, türkmen talyplaryny Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak babatda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, munuň üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime minnetdarlyk bildirdi. Akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
“Biziň duşuşygymyz iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda örän möhüm waka boldy. Onuň jemleri boýunça wajyp ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ösüşiň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Biziň dostlugymyz, doganlygymyz we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyz pugta syýasy, hukuk, dünýägaraýyş hem-de ruhy binýada esaslanýar. Bizi taryh, gymmatlyklar, din, parahatçylyga, adalatlylyga we ynsanperwerlige eýerýändigimiz ýakynlaşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna geçirilen netijeli gepleşikler, ýurdumyz bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändikleri üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň gatnaşyklarynyň berkdigine, ygtybarlydygyna, onuň mundan beýläk-de şeýle boljakdygyna pugta ynam bildirdi.
Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn esasda we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan halkara giňişlikde uly hormata eýedir. 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşant goşdy. Malaýziýada Aziýa — Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalaryna ýokary baha berilýär. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Bu ýurt Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
“Malaýziýa Türkmenistanyň işewürligi ösdürmäge berýän ünsüne we malaýziýaly işewürlere bildirýän uly ynamyna ýokary baha berýär. Malaý tarapy tehnologiýalary, tejribeleri paýlaşmak, hünärmenleri taýýarlamak arkaly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla eder. “PETRONAS” kompaniýasy bilen yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm binýadyny emele getirýär. Şu gezekki saparyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder” diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri nygtady.
“Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek boýunça degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek ugrunda işler ilerlediler. Bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdüreris. Şeýle hem bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini döretmek, halal senagat ýaly ugurlarda bar bolan tejribeleri özara alşarys. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döredijilik we ylmy tejribeleri özara alyşmak işini has-da ösdürmek arkaly geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirmäge hem uly ähmiýet berýäris” diýip, Premýer-ministr Anwar Ibrahim sözüni dowam etdi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi, yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň özara dostlugy berkitmek babatda edilýän tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.
Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Watanyna ugrady.
Şeýlelikde, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-malaý gatnaşyklarynda möhüm tapgyr bolup, onuň dowamynda geçirilen gepleşikler hem-de gazanylan ylalaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.