Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
Syýasy habarlar
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
Çap edildi 18.06.2026
1163

Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy.

Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halkara guramalaryň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň beýanydyr.

2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary döwletara dialogyň taryhynda aýratyn möhüm tapgyra öwrülip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.

Nebitgaz pudagy ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işi uzak möhletleýin hem-de ygtybarly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Hazar deňzinde bilelikde alnyp barlan işleriň dowamynda toplanan baý tejribe bu gün uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa we öňdebaryjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýady döredýär.

Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygyň çäklerini ýangyç-energetika toplumyndan başga ugurlarda-da giňeltmegi maksat edinýärler. Ulag-logistika ulgamy, ýokary tehnologiýalar hem-de oba hojalygy ýaly geljegi uly ugurlar üns merkezinde durýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Şunda ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler we onuň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň arasyndaky ugurlaryň giň gerimi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädime öwrüler.

Soňky habarlar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
top-arrow