Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady
Syýasy habarlar
Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady
Çap edildi 11.02.2017
1241

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap G.M. Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň. Bu çözgüt hakykatda-da taryhy ähmiýetli wakadyr. Dünýä bileleşiginiň ähli agzalarynyň Siziň başlangyjyňyz bilen öňe sürlen teklibi biragyzdan goldamagy Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň, Siziň tutuş sebitde howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan ägirt uly goşandyňyzyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň döwletleriň özygtyýarly deňlik ýörelgelerini, çäk bitewüligini, başga döwletiň içerki işlerine gatyşmazlyk, halkara jedelli meseleleri parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrmak boýunça öňe sürýän ýörelgeleri Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasaty bilen doly sazlaşýar. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistan BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Aşgabatda esaslandyrylan öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi şu sebitiň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary goldamak we ony ösdürmek boýunça netijeli gural bolup hyzmat edýär. Özbegistanda Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýulýar. Biziň ýurtlarymyz halkara syýasatynyň we sebitleýin howpsuzlygyň möhüm meseleleri boýunça umumy ýa-da ýakyn garaýyşlar bilen çykyş edýär. Şunlukda, biziň ýurtlarymyz ýüze çykýan wehimlere öz wagtynda seslenmek boýunça çylşyrymly wezipeleriň çözgüdinde birek-birege goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, öňdengörüjilikli oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat strategiýaňyzy, şeýle hem Siziň sebitara, halkara derejesindäki Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilýän başlangyçlaryňyzy Özbegistanyň mundan beýläk-de doly goldajakdygyna Sizi ynandyrýaryn. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow