Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň neşirýat önümleri Minskide halkara kitap sergi-ýarmarkasynda görkezildi
Medeniýet
Türkmenistanyň neşirýat önümleri Minskide halkara kitap sergi-ýarmarkasynda görkezildi
Çap edildi 10.02.2017
2817

Türkmen döwlet neşirýat gullugy 8-nji fewralda belarus paýtagtynda açylan XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar. Kitap önümleriniň gözden geçirilişinde 30-dan gowrak kitap neşir edijiler önümlerini görkezýär. Türkmenistanyň sergisi edebiýat, ylmy, publisistik neşirleriň, fotokitapçalaryň we beýleki neşir önümleriniň ýokary hilli poligrafiýa taýdan ýerine ýetirilişi bilen pudagyň öňdebaryjylarynyň hem-de bu ýere gelenleriň uly ünsüni çekdi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda çapdan çykan “Çaý-- melhem hem ylham” hem-de “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitaplary, şeýle hem türkmen halk döredijiligine bagyşlanylan neşirleriň tapgyrlary, şol sanda çagalar üçin owadan bezelen kitaplar sergä gelenlerde ýokary gyzyklanma döretdi. Ýarmarkada, şeýle hem häzirki zaman redaksion-neşirýat tehnikasynyň nusgalary görkezildi. 12-nji fewrala çenli dowam etjek çäreleriň maksatnamasy täze kitaplaryň tanyşdyrylyşyny, ýazyjylar we neşirýatçylar bilen duşuşyklary, okuw-maslahatlaryny we tegelek stollary özünde jemleýär. Belorus kitap çap edilişiniň 500 ýyllygy, Ýanka Kupalanyň we Ýakub Kolasyň doglan gününiň 135 ýyllygy şu ýylky forumyň esasy ugurlarydyr.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow