Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 18.05.2026
1390

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi milli döwletliligimiziň we bitewüligimiziň mukaddes nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir.

Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan ýylynyň her bir güni Bitarap döwletimiziň parahatçylygyň we dostlugyň, bagtyýarlygyň hem-de abadançylygyň ýurdy hökmünde dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän halkara ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Eziz Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, aýratyn-da, bu milli baýram mynasybetli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda we Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň baýdak meýdançalarynda, ähli şäherdir obalarymyzda guralýan baý öwüşginli dabaralar mähriban halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň täze taryhy belentliklere tarap okgunly öňe barýan döwrüdir. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden hem berkitmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, kuwwatly, köpugurly ykdysadyýeti döretmek ugrunda täze, has uly wezipeleri durmuşa geçirýäris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny, welaýatlarymyzda täze obalarydyr şäherçeleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryny, innowasion tehnologiýaly döwrebap önümçilik kärhanalaryny depginli gurýarys. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, rowaçlyklaryň, bagtly durmuşyň mekanyna öwrülen berkarar döwletimiziň mertebesini has-da beýgeldýäris.

Eziz watandaşlar!

Biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur alyp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
top-arrow