Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
Jemgyýet
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
Çap edildi 16.04.2026
1631

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky “Lu Ban ussahanasynyň” açylyş dabarasy boldy. Dabara Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan binýady pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, ylym-bilim ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär.

Türkmenistanda bilim, ýokary tehnologiýalar pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda açylan “Lu Ban ussahanasynyň” ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşup, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara tejribe alyşmak babatda möhüm meýdança bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

Merkez döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde talyplara we ýaş alymlara geologiýa, buraw işleri, maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilik döredilipdir. Umuman, “Lu Ban ussahanasynyň” açylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp tapgyr bolmak bilen, munuň özi Hytaýyň iň täze tehnologiýalaryny hem-de tejribelerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm binýada öwrüler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow