Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Çap edildi 02.04.2026
1362

Hormatly halkara sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynda geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergiler, işewürlik maslahatlary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä giňden tanatmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam edýär.

Türkmenistanda ykdysadyýeti innowasion ugurlar boýunça ösdürmäge, durmuş ugurlarynda halkyň abadançylygyny, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýär. Munuň özi dünýä ýurtlaryndan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleriň açylmagynda möhüm şert bolup durýar. Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu köpugurly halkara serginiň täze işewürlik mümkinçiliklerini döredip, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Eziz adamlar!
Mähriban dostlar!

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň 100-den gowrak döwletinden dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara, uly tejribä eýe bolan iri kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn hyzmatdaşlygyň tejribesi has-da baýlaşýar, gerimi giňelýär. Bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak esasynda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak we ondan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan oýlanyşykly işleriň netijesinde maýa goýum, söwda babatda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyz täze sepgitlere çykarylýar. Bu giň möçberli serginiň çäklerinde hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge, ululy-kiçili taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki meýiller barada pikir alyşmaga giň mümkinçilik dörediler.

Sergä gatnaşýan hormatly myhmanlar!
Eziz adamlar!

Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýany we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanda halkara sergiler, ylmy maslahatlar, işewürlik duşuşyklary giň gerimde geçirilýär. Bu bolsa dünýä ýurtlary bilen bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Bu giň möçberli halkara sergi hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki hereketleri ýola goýmaga itergi berer.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara serginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan durmuş, halkara hyzmatdaşlygyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow