Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 01.04.2026
27

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny döwrüň talabyna görä has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilişine prokuror gözegçiligini netijeli alyp barmagyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2026-njy ýylyň üç aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda kazyýet edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegi hemişe üns merkezinde saklamak, kazylaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli hukuk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek, hukuk kömegini bermek we kanunçylygy düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri, şol sanda gullugyň düzümlerine işiň döwrebap usullaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük amallarynyň halkara kadalara hem-de milli kanunçylyga laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda migrasiýa işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
top-arrow