Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 27.02.2026
25

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 23-24-nji fewralda Gruziýa amala aşyran saparynyň netijeleri barada aýdyldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti, Premýer-ministri we parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Olar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň we onuň düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak, synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şu babatda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça esasy edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara standartlar boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy we ilatymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumy tarapyndan, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri bilen bagly abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribeler üstünlikli amal edilýär. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, bu ugurda ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli düzgünleri halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi. “Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.02
Giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky tapgyr
25.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.02
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty — durnukly ösüşiň bähbidine
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow