Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 23.01.2026
29

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribeler öwrenilip, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklarynyň guralandygy, şunuň bilen birlikde, olaryň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna, beýleki çärelere gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işi barada özara tejribe alşandyklary hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan” hem-de şu ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem eksport ugurly, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.

Amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň kesgitlenilendigini belledi. Özleşdirilmegi göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberleri beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, munuň ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýändigi bilen baglylykda, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda zerur işler geçirilýär. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli baglaryň, çöl ösümlikleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara talabalaýyk ideg etmek, baglardyr çöl ösümlikleriniň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini talabalaýyk geçirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmenturba” zawodynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek we ony tehnologik kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen, önümçilikde zerur bolan enjamlar, himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan birnäçe çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan düzülen konsertiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi hem-de wise-premýere fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary, professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzyň halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamyna girýän halkara düzümlerdir edaralar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen köptaraplaýyn konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmeti üpjün etmek we zähmet gatnaşyklarynda ähli taraplaryň hukuklaryny goramak ugrunda degişli işleri geçirýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Onuň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi bu «Ýol kartasynyň» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyny hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip edýär.

“Ýol kartasynyň” çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, resminamada milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak bilen bagly döwlet edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işler alnyp barlar. Mundan başga-da, has giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýadyny döretmek meýilleşdirilýär.

Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasaty we amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleridir bilermenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäde sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde emeli aňy ösdürmek boýunça milli çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamagyň, emeli aňyň subýektleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň, şol sanda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitlemegiň, emeli aň tehnologiýalary we önümleri üçin milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamagyň zerur bolup durýandygy bellenildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.01
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi
23.01
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
22.01
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary
21.01
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21.01
Ý.B.Nuryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
I.M.Ilamanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
21.01
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.01
Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow