Baş sahypa
\
\
Maryda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi
Maryda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi
Çap edildi 01.02.2017
3211

Şu gün bu ýerde saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär -- Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. M.Kemine adyndaky döwlet drama teatryna ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Duşuşygyň barşynda dalaşgäriň ynanylan wekiline söz berildi. Ol ýygnananlary S.Jelilowyň zähmet ýoly we şahsy başarnyklary bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäri iş bajarjaň, pähimli ýolbaşçy, halk arasynda uly abraýdan peýdalanýan ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirip, dalaşgäriň wekili Mary welaýatynyň saýlawçylaryny bu dalaşgäre ses bermäge çagyrdy. Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. S.Jelilow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, onuň esasy ugurlarynyň mundan beýläk hem Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakdan, ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryny, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny, dokma, oba hojalyk, senagat we ulag düzümlerini iň täze tehnologiýalarynyň esasynda güýçli ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, şeýle hem şahsy telekeçilige goldaw bermekden ybaratdygyny belledi. Agrar pudakdaky özgertmeler barada aýtmak bilen, ol oba hojalyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin göz öňünde tutulýan çäreleri jikme-jik beýan etdi. Obasenagat toplumynyň tehniki taýdan doly enjamlaşdyrylmagy oba zähmetkeşlerine goldaw bermäge ýardam eder. Dalaşgäriň pikirine görä, etraplaryň ilaty üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, obalarda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän taýyn harytlary goýbermek boýunça önümçiligi, şahsy gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek zerur bolup durýar. Şeýle hem döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Bu bolsa azyk bolçulygyny üpjün eder diýip, S.Jelilow ynandyrdy. Dalaşgäriň aýtmagyna görä, halkara gatnaşyklarynda ol parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, döwletmize ýokary halkara abraýyny getiren Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagy göz öňünde tutýar. Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet, syýahatçylyk, ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we ösüp barýan ýaş nesliň terbiýesi hakynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Uly gyzyklanma bilen diňlänleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär saýlawçylary öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin önjeýli zähmet çekjekdigine we özüniň ähli gujur-gaýratyny hem-de ukyp-başarnygyny, mähriban halkymyzyň hyzmatyna gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow