Baş sahypa
\
\
Süleýmannepes Nurnepesow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Süleýmannepes Nurnepesow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 01.02.2017
3139

Şu gun Lebap welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet düzümleriň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ilki bilen ynanylan wekile söz berildi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri iş başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň düzümlerinde dürli wezipelerde işlän döwürlerinde toplan iş tejribesi bellenildi. S.Nurnepesow 2012-nji ýylyň fewralynda bu önümçilik birleşiginiň baş direktory bellenildi. S.Nurnepesow eger-de ol Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlansa, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadanlygynyň bähbidine saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň ähli bölümlerini amala aşyrmak üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny belledi. Şunlukda, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýurdumyzyň önümleriniň öndürilişini, ýurduň baý serişde mümkinçiliklerini we tebigy baýlyklaryny, şol sanda täze uly senagat kärhanalaryny gurmagyň hasabyna artdyrmak boýunça çäreleriň giň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Lebapda, Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda kükürt kislotasyny öndürmek boýunça önümçilik kuwwaty bir ýylda 500 müň tonna önüme barabar bolan täze senagat düzüminiň gurluşygy dowam etdiriler. Dalaşgär bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş üpjünçiligi pudaklaryny ösdürmäge mundan beýläk hem uly üns beriljekdigine ynandyrdy. Bellenilişi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk esasynda amala aşyrylýan häzirki daşary syýasy ugra laýyklykda, dünýäniň dürli döwletleri bilen, ilkinji nobatda bolsa goňşy döwletler bilen özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler. S.Nurnepesow öz saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir gyzyklanma bildirilýän bölümleri barada ýygananlaryň sowallaryna anyk jogaplar berdi hem-de olary ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan ýaşamagy, Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow