Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.09.2025
1759

Şu gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýapon-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, maýa goýumlar üçin döredilen oňyn şertler gatnaşyklary giňeltmäge esas berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ýapon kompaniýalary iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. “Toyo Engineering” kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu düzümiň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Eiji Hosoi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow