Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär. Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr.
Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp netijesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Bedewler ynsan saglygyny berkitmäge hem ýardam edýär. Ylymdan mälim bolşy ýaly, dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde, köplenç, tebigy şertler, şol sanda ippoterapiýa — bedewiň tebigy güýjüni ulanmak arkaly bejergi hem ulanylýar. Bu bejergi ýürek-gan damar ulgamynyň, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň kesellerini bejermekde peýdalydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.
...Ir bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri jemlendiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Sergide suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we nakgaşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendirýän işleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri ýerleşdirilipdir. Olarda, hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat hem heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn orun berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. Şeýle-de bu ýerde gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplaryny görmek bolýar. Olar türkmen senetçileriniň, zergärleriniň ussatlygyny görkezýän hakyky sungat eserleridir. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Döwlet Baştutanymyz esasy münber binasyna bardy. Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berilýändigi yglan edildi.
Ahalteke atlarynyň sazlaşykly çapuwy olaryň toýnaklary ýere degmän, göýä, uçup barýan ýaly duýgyny döredýär. Olaryň keşbinde deňi-taýy bolmadyk gözellik, çydamlylyk, güýç-gaýrat, joşgunly we buýsançly gylyk-häsiýet, haýran galdyryjy wepalylyk sazlaşýar. Şu gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.
1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradow. 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly gara at öňdeligi eýeledi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi. Gelejegiň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow. Baýramçylygyň şanyna geçirilen üçünji çapyşykda hem atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazyna bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 50 sekunt sarp etdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 48,2 sekunda deň boldy. Dowamatyň çapyksuwary B.Babaýew.
Bäşinji çapyşykda-da dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Garaýel atly gara at 1 minut 48,7 sekuntda pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar R.Seýidow. Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 34,5 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Olar döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu günki dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany boldy.