Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 26.09.2025
49

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Size we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň baştutanlygyňyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar, döwlet ösüşinde täze belent sepgitlere ýetilýär. Hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ähli üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar.

Şu ýylyň başyndan bäri biz iki gezek duşuşyk geçirdik. Olaryň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň täze tapgyry kesgitlenildi. Hytaý tarapy bilelikdäki tagallalar arkaly syýasy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, birek-biregi berk goldamaga, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga ýardam bermäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak maksady bilen, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny ilerletmäge taýýardyr.

Türkmenistana ösüş we rowaçlyk, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýar, dünýä giňişliginde öz ornuny barha berkidýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biz ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işi dowam etdireris. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, Garaşsyzlygyny üýtgewsiz we berk goldaýarys hem-de Siziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyza hormat goýýandygymyzy beýan edýäris. Sebit wehimlerini çözmek, biziň döwletlerimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Siziň bilen mundan beýläk-de bilelikde işlemegimize umyt edýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.

Size hem-de Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlik, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Donald Tramp,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly mertebedir. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň barşynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Naruhito,
Ýaponiýanyň Imperatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz adymdan hem-de fransuz halkynyň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.

Biziň ýurtlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy goýujy ýörelgelerine ygrarlylyk, köptaraplaýyn çemeleşmelere esaslanýan ýakyn we berk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu çemeleşmeler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylda Fransiýanyň hem awtordaşlygynda gaýtadan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýar. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine hem-de Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Fransiýa amala aşyran, mende ýakymly ýatlamalary galdyran resmi saparynyň barşynda başy başlanan taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Emmanuel Makron,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Italiýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar ýola goýlan dostluk ýörelgeleriniň esasyny düzýär. Häzirki döwrüň wehimleriniň öňünde biziň sebit derejesindäki hyzmatdaşlygymyz hem barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bu, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen gymmatlyklara, esasy ýörelgelere hormat goýmak ruhunda parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmek üçin amatly meýdança öwrülen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynda aýratyn netijeli häsiýete eýedir. Bu gymmatlyklar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky barha ösýän gatnaşyklaryň hem esasy bolup hyzmat edýär. Şunda “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki birinji sammitiň jemlerini hasaba almak bilen, Italiýa bu hyzmatdaşlygy berk goldaýar.

Hormatly jenap Prezident, Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin!

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Dost we doganlyk ýurt Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Umumy taryhy, dini we medeni gymmatlyklar Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat bolup durýar.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Masud Pezeşkian,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga hem-de hoşniýetli arzuwlarymy beýan etmäge örän şatdyryn. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan milli ösüşiň netijeli nusgasyny kemala getirmek bilen, halkyň agzybirligini, taryhy-medeni mirasyny we däp-dessurlaryny aýawly gorap saklaýar.

Biziň umumy tagallalarymyz esasynda doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, goldaw bermek hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn. Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de ähli doganlyk türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlet berkararlygynyň esaslaryny hem-de halkara giňişlikde abraýyny pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanmak bilen, häzirki wagtda ynamly öňe barýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Pursatdan peýdalanyp, täjik tarapynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlarda ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini nygtamak isleýärin. Bilelikdäki tagallalar netijesinde bu ugurda täze belent sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.

Şu dabaraly günde Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şanly sene halkyňyzyň erkinliginiň we döredijilik ruhunyň aýdyň nyşany bolmak bilen, döwlet berkararlygyny, uzak möhletleýin ösüşi üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan Siziň baştutanlygyňyzda döwlet gurluşynda we durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitlere ýetdi hem-de durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurduňyz BMG-niň howandarlygynda hemişelik Bitaraplyk derejesini, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrýar.

Gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belleýärin. Onuň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Munuň özi strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna we halklarymyzyň erk-isleglerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size doganlyk Türkmenistanyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn. Bu şanly sene türkmen halkynyň okgunly ösüşiň ýolunda agzybirligini, jebisligini we buýsanjyny alamatlandyrýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan örän baý medeni mirasyny aýawly gorap saklaýar, halkara abraýyny barha berkidýär hem-de ynamly öňe barýar.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli we ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň halklarymyzyň abadançylygyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we ähli türkmen halkyny öz adymdan, şeýle hem azerbaýjan halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Bu gatnaşyklaryň umumy ruhy gymmatlyklary bolan iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de ähli türkmen halkyny milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Belarus-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň döwletara hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Şu şatlykly günde Size berk jan saglyk, ýurduňyzyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkynyň bähbidine jogapkärli döwlet işiňizde täze sepgitlere ýetmek üçin tükeniksiz güýç-kuwwat, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny milli baýram — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ermenistanda köpasyrlyk dostluk, özara ynanyşmak we umumy gymmatlyklar binýadyna esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. Bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirendigiňiz hem-de Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
26.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
26.09
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow