Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Köp sanly wehimleriň ýüze çykmagy hem-de ynanyşmak derejesiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän häzirki ýönekeý bolmadyk halkara ýagdaýlarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny, ýokary abraýyny özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy üpjün etmek üçin herekete getirmek aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we onuň dürli ugurlarynyň özara baglanyşyklydygy ýörelgesine berk eýermek garaýşyna ygrarlydyr. Biziň ýurdumyz syýasy ýa-da harby howpsuzlygyň, ykdysady, energetika, azyk hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini onuň uzak möhletleýin we doly derejeli bolmagynyň kepili hasaplaýar. Daşary syýasatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden üýtgewsiz ugur alyp, halkara gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna berk ygrarlydyr.
Türkmenistan BMG-niň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da, bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, Ösüş maksady bilen ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň, Durmuş ösüş komissiýasynyň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzasy bolup durýar hem-de toplan tejribesini bu guramanyň esasy başlangyçlaryny ilerletmek üçin peýdalanar. Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň ählumumy we sebit meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegine mundan beýläk hem goşant goşmak üçin garaýyşlary öňe sürer.
Parahatçylyk we howpsuzlyk
Türkmenistan halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyny yzygiderli durmuşa geçirip, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz başlangyçlaryny ilerletmek üçin işjeň tagalla eder. Biziň ýurdumyz özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýandygyndan ugur alýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň üýtgewsiz ýörelgeleri hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugyň kadalary Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň binýadyny düzýär. Munuň özi islendik jedelli halkara meseleleriň adalatly we parahatçylykly çözgüdini tapmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly 79/274 belgili Kararnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär. Munuň özi parahatçylykly gepleşikler hem-de gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak üçin bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam berer.
Türkmenistan 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirer. Biziň ýurdumyz bu forumyň meýdançasyny köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde ýokary derejeli nobatdaky duşuşygy geçirmek arkaly pugtalandyrmak üçin peýdalanar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek girizilen “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine” atly bent täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ozal 2020-nji ýylda kabul edilen Kararnama esaslanyp, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» atly Kararnamanyň taslamasyna garamak başlangyjyny öňe sürer. Biziň ýurdumyz Aşgabatda BMG-niň, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda sebitiň ýurtlarynyň, halkara bilermenleriň we edaralaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip eder.
Türkmenistan guramanyň Malagadaky maksatnamalaýyn edaralary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak arkaly BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň işini goldamagyny dowam eder. Ýurdumyz terrorçylyk hüjümlerine garşy möhüm düzümleri goramak boýunça 2024-nji ýylda işlenip taýýarlanylan tehniki gollanmanyň binýadynda iş ýüzünde hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi (TGGBM) bilen geçirilen geňeşmelere esaslanyp, Türkmenistan Aşgabatda terrorçylygy öňünden duýdurmak boýunça TGGBM-niň hemişelik maksatnamalaýyn edarasyny esaslandyrmak başlangyjyny öňe sürer. Bu edara Merkezi Aziýada öňünden habarly ediş torunyň tejribesine daýanyp, ählumumy derejede iş alyp barar. Biziň ýurdumyz parahatçylyk döredijilik ulgamynda BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirip, parahatçylygy gurmak çäreleriniň netijeli geçirilmegine ýardam bermek üçin harby hem-de raýat işgärleri görnüşindäki serişdeleri bölüp bermek mümkinçiligine garar.
Türkmenistan Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip eder. Munuň özi gapma-garşylyklaryň öňüni almakda hem-de olary kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň we bitarap meýdançalaryň ähmiýetini açyp görkezer. Ol gün jedelli meseleleri dialog, araçyllyk we hyzmatdaşlyk arkaly çözmäge halkara bileleşigi işjeň çekmegiň zerurlygyny, şeýle hem adalatlylyk we parahatçylykly ýaşaşmak ýörelgelerini berkarar etmek üçin netijeli gural hökmünde bitaraplygyň möhüm ähmiýetini alamatlandyrar.
Biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Halklaryň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak medeniýetiniň meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürer. Bu sammit dünýäniň diplomatik senenamasynda döwletleriň, medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm waka bolar. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksiniň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi şol sammitiň möhüm wezipeleriniň biri bolmak bilen, deňhukuklylyk, özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak ýörelgelerinde ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, dünýä derejeli meseleleri hyzmatdaşlyk we ylalaşyk arkaly bilelikde çözmek üçin köptaraplaýyn binýat bolup hyzmat eder.
Durnukly ösüş, ulag we energetika
Türkmenistan ählumumy ykdysady we ulag-energetika gatnaşyklary babatda durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine ýetilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz adalatly, deňagramly hem-de inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerleder. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny (2026 — 2035-nji ýyllar üçin) yglan etmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, onuň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlär. Munuň özi ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin olaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer. Biziň ýurdumyz ulag boýunça Aşgabat prosesiniň mundan beýläk-de ösdürilmegini ilerletmegi ugur edinýär hem-de onuň binýadynda halkara we sebit derejesinde ulag başlangyçlaryny utgaşdyrmak üçin netijeli platformany döreder. Munuň özi taslamalaryň durmuşa geçirilmegini sazlaşdyrmagy üpjün edip, durnukly ählumumy ulag arhitekturasynyň döredilmegini tizleşdirer.
Türkmenistan 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen 78/149 belgili Kararnamany amala aşyrmagyň çäklerinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetiniň garamagyna hödürlär. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berer.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.
Ekologiýa, howa we suw serişdeleri
Türkmenistan howanyň üýtgemegi, topragyň zaýalanmagy hem-de suw serişdeleriniň gorlarynyň azalmagyna garşy göreş boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegini ileri tutulýan ugur hasaplaýar. Biziň ýurdumyz ekoulgamlaryň goralmagyna, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawy goramagyň halkara gurallarynyň kemala getirilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi maksat edinýär. Şeýle hem Türkmenistan Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy bilen çykyş eder. BMG-niň degişli düzümleriniň goldaw bermeginde hereket etmegi göz öňünde tutulýan bu merkez ýer serişdelerini goramak, ekoulgamlary gaýtadan dikeltmek hem-de topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak ulgamynda sebitiň döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin möhüm meýdança bolar. Türkmenistan şeýle merkeziň döredilmeginiň sebitiň mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagyna, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdiginden ugur alýar. Şeýle hem bu merkez Durnukly ösüş maksatlaryna, hususan-da, onuň 13-nji maksadyna (howanyň üýtgemegine garşy göreş) hem-de 15-nji maksadyna (gury ýeriň ekoulgamlaryny goramak) ýetmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Biziň ýurdumyz Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin Konwensiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini ilerleder. Bu halkara hukuk resminamalary Merkezi Aziýanyň serhetüsti suw serişdelerini durnukly, adalatly we netijeli dolandyrmak ulgamynda ylalaşykly çemeleşmeleridir gurallary işläp taýýarlamak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Türkmenistan bu resminamalaryň kabul edilmeginiň diňe bir sebitde ekologik hem-de azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek bilen çäklenmän, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň, durnukly ösüşiň uzak möhletleýin arhitekturasyny kemala getirmekde-de möhüm ädim boljakdygyna ynanýar.
Türkmenistan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy maýyndaky 79/8 belgili “Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň modallyklaryna garamak” atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň esasy ugurlaryny we wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça çäreleri yzygiderli hem-de meýilnamalaýyn esasda dowam etdirmegi ugur edinýär. Bu maksatnama Aral sebitiniň ekologik, durmuş we ynsanperwer meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegine gönükdiriler. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden Hazar ekologik başlangyjyny öňe sürer. Ol Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak babatda halkara meýdança öwrüler. 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän ikinji Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar.
Türkmenistan ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Merkeziň işi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini peseltmek üçin täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekologik innowasiýalary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdiriler.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk
Türkmenistan ynsanperwer hyzmatdaşlyga halklaryň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Biziň ýurdumyz adam mümkinçilikleriniň, medeniýetara dialogyň, adam hukuklarynyň ilerledilmegine ýardam berýän taslamalary öňe sürer we olary goldar. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürer. Bu format dünýä gurluşynda we sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ählumumy gün tertibiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny geçirmegi teklip eder. Şunda ýaşlaryň çözgütleri kabul etmäge hem-de parahatçylyk döredijilikli başlangyçlara işjeň çekilmegine aýratyn üns berler.
Biziň ýurdumyz Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň garamagyna hödürlär. Bu başlangyç dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler. Türkmenistan Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjyny öňe sürer. Bu merkez diplomatiýa, parahatçylyk gurujylyk hem-de dürli milletleriň arasynda düşünişmek medeniýetini ilerletmek ulgamynda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ugur edinýän halkara bilim we dialog meýdançasyna öwrüler.
Türkmenistan «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär. Bu başlangyç halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde taryhy-medeni mirasyň ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdiriler hem-de dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant bolar. Biziň ýurdumyz milli mirasyň wagyz edilmegine, medeni gazanylanlaryň alşylmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine gönükdirilen medeni-sergi hem-de syýahatçylyk işi ulgamynda başlangyçlary öňe sürmegi dowam etdirer.
Halkara hukuk we BMG bilen hyzmatdaşlyk
Türkmenistan halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Biziň ýurdumyz halkara hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem-de bu guramanyň esasy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldar. Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi beýan eder. Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar. Şeýle hem bu başlangyç halkara hukugyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, BMG-niň Tertipnamasyna ileri tutulmagyny üpjün etmekde onuň ornuna ünsi çeker.
Türkmenistan 2026 — 2028-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy hökmünde, şeýle hem esasy komissiýalaryň we edaralaryň düzüminde BMG-niň işine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Biziň ýurdumyz BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2031-2032-nji ýyllarda hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere Türkmenistanyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işlerini dowam etmek bilen, işjeň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklar.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda şertnamanyň depozitarisi hem-de ýadro ýaragsyzlanmagy boýunça esasy şertnamalara gatnaşyjy hökmünde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirer. Biziň ýurdumyz Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk boýunça şertnamanyň Hereketine garamak boýunça maslahata we beýleki forumlara işjeň gatnaşmagy, Ýadro ýaragyny gadagan etmek hakynda şertnamanyň maksatlaryna ýardam bermegi we oňa goşulmak mümkinçiligi baradaky meseläni öwrenmegi dowam etdirer.
Netijenama
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň dowamynda bitaraplyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe bitewi çemeleşilmegini öňe sürer. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy berkarar etmegiň bähbidine BMG-niň ähli agza döwletleri we düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.