Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1687

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti halkara maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin Marýam bint Ali Al-Misnede hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä mähirli salamyny beýan etdi.

Myhman ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy hem-de forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim bolandygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, Marýam bint Ali Al-Misned türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Awazanyň gözel keşbi barada aýdyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Katar Döwleti bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Çagalaryň nurana geljegini döretmekde ýurtlarymyz asylly işleri durmuşa geçirýärler. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taraplar ynsanperwer gaznalaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara derejeli möhüm forumyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň şanly ýylda adamzat ähmiýetli asylly işleri has-da dabaralandyrýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned türkmen-katar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow