Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
2197

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Awaza forumynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli meýdança bolup, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin oňyn özgertmeleri alamatlandyrýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejedäki maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikiçäk duşuşykda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdi.

Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine iki ýurduň hem ygrarlydygyny nygtadylar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow