Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
Çap edildi 17.07.2025
58

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.

Gahryman Arkadagymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň resmi wekili Milli Liderimiziň saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki saparyň däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady. Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde belent mertebeli myhmany Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy. Agzalan howa menzilleri ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşýan döwrebap desgalardyr. Fizuli howa menzili 2021-nji ýylda, Laçyn howa menzili 2022-nji ýylda, Zangilan howa menzili bolsa 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Howa menzilleriniň üçüsinde hem ýolagçylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan döwrebap terminallar, beýleki ugurdaş desgalar bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanda hem howa ulagy pudagynda halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri guruldy. Şolaryň hatarynda sagatda 1 müň 600-e golaý ýolagçy geçirijilik kuwwaty bolan Aşgabat Halkara howa menzilini, şeýle-de Türkmenabat, Kerki we Balkanabat Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Milli awiasiýa parkynyň üsti “Boeing”, “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge şertleri döredýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

...Howa menzili bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Häzirki wagtda Fizuli şäherinde döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, infrastruktura desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Içerki awtomobil ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherindäki gurluşyk işleri babatda öz gymmatly maslahatlaryny berdi. Prezident Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili gymmatly maslahatlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda gurlan bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Täze şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

...Şuşa şäheriniň golaýyndaky Daşalty düzlüginde Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Daşaltynyň we onuň töwerekleriniň tebigaty köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerler gezelenç etmek, dynç almak, tebigat gözelliklerini synlamak üçin amatly künjekler hasaplanýar. Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşýän Şuşa şäheri Azerbaýjanyň medeni paýtagtydyr. XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Şuşa Kawkazyň sazçylyk merkezine öwrülýär. Gözel tebigaty, arassa howasy üçin ol şypahana şäheri-de hasaplanýar. Şäheriň taryhy merkezinde gadymy binalar, çeşmeler, metjitler, kerwensaraýlar, aramgähler, medreselerdir galalar bar.

Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew şäherde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler.

Häzirki wagtda Şuşa şäheriniň baş meýilnamasynyň çäklerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň maýynda ilkinji, 2025-nji ýylyň maýynda bolsa ikinji ýaşaýyş toplumy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda-da olaryň gurluşyklary dowam edýär.

Türkmenistanda hem iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini nygtamak gerek. Diýarymyzda täze, döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap obalar gurlup ulanmaga berilýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň netijesidir. Ýaşaýjylary döwrebap, elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa ýaşaýjylara şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady. Täze metjidiň düýbi 2021-nji ýylda tutulypdyr. Onuň taslamasy italýan kompaniýasy we azerbaýjan arhitektorlary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Metjidiň daşky bezeginde Şuşa şäherindäki gadymy metjitleriň bezeginde duş gelýän geometrik nagyşlar agdyklyk eder.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän metjitler gurlup ulanmaga berilýär. Metjitleriň binalar toplumynyň çäginde sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin ugurdaş binalar gurulýar. Türkmençilikde “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Arkadag şäherinde hem täze metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Geýdar Aliýew baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar. Merkeziň binasy milli derejedäki binagärlik ýadygärlikleriniň sanawyna girýär. Sergide Azerbaýjanyň umumymilli Lideriniň ýurduň durmuş, ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde bitiren hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär. Geýdar Aliýew Şuşa şäheriniň ösdürilmegine hem uly ähmiýet beripdir we bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçiripdir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar.

Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Şuşa Kawkazyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek isleýän taryhçy alymlary, syýahatçylary özüne çekýär. Iki doganlyk ýurduň taryhyna nazar aýlanyňda, umumylygyň köpdügini görmek bolýar. Türkmen we azerbaýjan halklary ençeme asyrlaryň dowamynda özboluşly baý medeniýeti döredipdirler. Türkmenistanda hem halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, ony aýawly saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine bardylar.

Bu ýerde meşhur artistiň çagalyk ýyllary geçipdir. Muzeýde azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy, professor Bülbüliň çagalyk döwründäki we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy, pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Bülbüliň ogly, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Polat Bülbül ogluna “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täsirli we gyzykly maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, medeni mirasy aýawly saklamakda, geljek nesillere ýetirmekde şeýle muzeýleriň möhüm ähmiýetini belledi. Öz nobatynda, Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherinde ýerleşýän Göwher Aga metjidine geldiler. Şäheriň taryhy künjeginde ýerleşýän ýokarky Göwher Aga metjidi Azerbaýjanyň meşhur binagärlik we medeni ýadygärlikleriniň biridir. Ol ybadat ýeri bolmak bilen birlikde, Şuşa şäheriniň medeni merkezi hem bolupdyr. Metjitde türkmen we azerbaýjan halklarynyň hemişe parahat, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin doga-dilegler edildi.

Metjit bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Mehmandarowlaryň öý-muzeýine bardylar. Mehmandarowlaryň öýi köşk görnüşli ýaşaýyş toplumy bolup, Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň özboluşly nusgalarynyň biridir. Toplum daşdan örülen haýat bilen gurşalypdyr. Metjit howlynyň gyrasynda bina edilipdir, girelgesi bolsa hem köçä, hem howla bakypdyr. Şoňa görä-de, metjidiň gapylary jemagat üçin hemişe açyk bolupdyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar.

Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr. Geçmişde bu ýerde at çapyşyklary geçirilipdir. Çapyşyklara tomaşa etmek üçin Jydyr düzüne Azerbaýjanyň dürli künjeklerinden, daşary ýurtlardan bedewleriň muşdaklary jemlenipdir. Mundan başga-da, bu ýerde Nowruz baýramy we beýleki halk baýramçylyklary geçirilipdir.

Bu ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen halky hem müňýyllyklaryň dowamynda edermen ýigitleriň ýoldaşy bolan bedewlere aýratyn sarpa goýup gelýär. Behişdi bedewleriň muşdagy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri okgunly ösýän Türkmenistanyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerini ýelden ýyndam behişdi bedewlere bagyşlady. Bu kitaplar daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilip, giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylyk sungatyny ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohumyň arassalygyny saklamak we ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Toparyň agzalary dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldular.

...Jydyr düzünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew atşynaslar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Hormatly Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň uçary biraz wagtdan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi.

Soňky habarlar
17.07
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
16.07
Durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip
16.07
Türkmenistan — BMG: azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda bilelikdäki hereketler
16.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy
15.07
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda
14.07
Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar
14.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
D.Ý.Seýidow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.07
S.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow