Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly dürli çäreleriň köp sanlysynyň geçirilmegi bellenilendir. Mälim bolşy ýaly, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli bähbitleri hasaba almak bilen, ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek arkaly BMG-niň strategik hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Nobatdaky wekilçilikli forumda häzirki döwrüň möhüm meseleleri, bar bolan çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmegiň we Durnukly ösüş maksatlaryna bilelikde ýetmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Ýer ýüzünde röwşen geljegi berkarar etmäge işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda ählumumy gün tertibi boýunça dünýä bileleşiginiň üstünlikli özara gatnaşyklarynyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde ykrar edilendir.
Awazada geçiriljek maslahatyň maksatnamasynyň ýaşlar forumynyň, bu ugurda halkara derejede hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyna degişli ugurdaş meseleleri gozgaýan birnäçe çäreleriň geçirilmegini hem öz içine almagy tötänden däldir. Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, meýilleşdirilýän ähli çäreler dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, durnukly ösüşiň umumy wezipelerini çözmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, belent ruhly, hemmetaraplaýyn bilimli, aň we beden taýdan kämil, watançy ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Watanymyzyň beýik geljegini ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar syýasatyny möhüm ugurlaryň hataryna çykaryp, ýurdumyzyň kuwwatly daýanjy hökmünde häzirki we geljek nesilleriň ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň medeniýetli, aň hem-de beden taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleriň döredilmeginiň berk binýadyny goýdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň agramly bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlar düzýär. Bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýarlar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasatyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny, intellektual mümkinçiliklerini doly açmagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we beýleki resminamalar kabul edildi. Munuň özi bilimiň hil derejesini ýokarlandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.
Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Mekdepleriň uçurymlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdeplerinde okap, ýurdumyz üçin zerur bilimleri we hünärleri ele almak bilen, dünýäniň ylym-bilim merkezlerinde hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar. Halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki bilim taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klublary açyldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän alty mekdebi bu guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi.
Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem ýaşlar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine belent maksatlardyr wezipelere ýetmekde, onuň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmakda, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler. Bu ugurdaky işleriň hukuk binýadyny berkitmek üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edilip, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bularyň ählisi bagtyýar ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, öňdebaryjy ylmy gazanylanlary özleşdirmäge çalyşýan nesli kemala getirmek, ýaş maşgalalaryň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýaşlaryň durmuş, işewürlik taýýarlygyny ýokarlandyrmak, başlangyçlaryny höweslendirmek, döwrebap innowasion önümçilikleri döretmekde olary hemmetaraplaýyn goldamak bu babatda alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem ýaşlary belent watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde giň gerimli işleri alyp barýar. Ol Garaşsyz Watanymyzyň ýaş raýatlaryň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goldaýan, jemgyýetde jebisligiň berkidilmegine, giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýän iri jemgyýetçilik birleşikleriniň biridir. Ýaşlar guramasy tejribe alyşmak, ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmak, olary durmuş taýdan goldamak, telekeçilik, döredijilik başarnyklaryny goldamak üçin köp ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu guramanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde ýurdumyzyň goşýan goşandynyň ykrarnamasy boldy.
BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzüminiň çäklerindäki geljegi uly taslamalara ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlyk türkmen ýaşlarynyň öňünde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin has giň şertleri döredýär. Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, röwşen geljegi döretmegiň hatyrasyna dürli döwletleriň ýaşlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” kabul edilmegi-de bu ugurda wajyp ädimleriň birine öwrüldi. Ýaşlar meselesiniň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryndaky ileri tutýan garaýyşlarynda-da yzygiderli beýanyny tapmagy tötänden däldir. Munuň özi ýurdumyzyň beýleki agza döwletler, BMG-niň bu ugurdaky düzümleri we institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.
BMG-niň syýasy resminamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmekde, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ählumumy gün tertibini bilelikde amala aşyrmakda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny jebisleşdirmek maksady bilen, soňky ýyllarda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde sebitde ýaşlaryň dialogy işjeň ösdürilýär. Hususan-da, merkez tarapyndan «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» başlangyjy durmuşa geçirilýär. Ol ýaşlary Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň çäginde hereket edýän öňüni alyş gurallary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de daşary işler ministrleriniň her ýylda geçirilýän maslahatlarynyň çäklerinde ýaşlar bilen sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleriniň resmi wekilleriniň arasynda dialogy guramak tejribesi ýola goýuldy.
2023-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi sebitde ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamagyň we höweslendirmegiň möhüm hasaplanýandygyny görkezýär. Sebitiň ýaşlarynyň arasynda köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek, parahatçylygy, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça esaslandyryş mejlisini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şundan ugur alnyp, 2023-nji ýylyň oktýabrynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Açyk pikir alyşmalar görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň dogrulygyny tassyklaýan möhüm görkezijä öwrüldi. Bu syýasata laýyklykda, ýaşlar öz ýurtlaryndaky diňe bir syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni durmuşa işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine umumy maksatlara we wezipelere ýetmäge, bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary bilelikde durmuşa geçirmäge düýbünden täzeçe çemeleşmeler bilen çykyş edýärler.
2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýurdumyzda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi.
Berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli içeri we daşary syýasatyň halkara bileleşikde barha uly gyzyklanma döredýändigi buýsançly ýagdaýdyr. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän strategik maksatnamalaryň üstünlikli amal edilmegi, sazlaşykly ösüşiň milli nusgasy, tutuş adamzadyň mundan beýläk-de abadan ýaşaýşynyň bähbidine iri halkara guramalaryň belent münberinden ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlary dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Giň gerimli bu işleriň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň we olaryň dürli döwletlerdäki deň-duşlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ol, öz gezeginde, ynanyşmagy we özara düşünişmegi goldamaga hyzmat edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem türkmen ýaşlarynyň durmuş işjeňligini mundan beýläk-de artdyrmak, halkara gatnaşyklary giňeltmek, dünýä giňişliginde umumy bähbitleri ilerletmek babatda ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli meýdançany döretmäge ýardam berer. Awazada guraljak forum Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň möhüm çäreleriniň birine öwrüler. Bu çäre jemgyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen ýaşlary Ýer ýüzünde nurana geljegi gurmak işine mundan beýläk-de işjeň çekmäge amatly şertleri döreder.