Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 20.11.2025
1120

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy, medeni, etniki, dil we dini baglanyşyklar iki doganlyk ýurduň gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Bu berk binýada esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz Siziň Alyhezretiňiziň ynsanperwer başlangyçlary arkaly has-da çuňlaşýar.

Siziň Alyhezretiňiziň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň rehimdarlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly beýik ruhy gymmatlyklary dabaralandyrmak arkaly halklarymyzyň arasynda ruhy köpri wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýändigini aýratyn buýsanç bilen bellemek zerurdyr. Bu belent ynsanperwer wezipäniň iň aýdyň mysallarynyň biri hem Siziň Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurmak baradaky başlangyjyňyzdyr. Biz bu başlangyjy uly kanagatlanma we çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdik. Siziň bu asylly ädimiňiz iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, dini hem-de ruhy jebisligiň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, özara ynanyşmagyň aýdyň beýanydyr.

Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň çäklerinde türki ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň sanly ulgam arkaly düýbüniň tutulmagy bu möhüm haýyr-sahawat taslamasyny goşmaça taryhy-ruhy mazmun bilen baýlaşdyrdy. Şeýle hem bu başlangyç türki dünýäniň umumy gymmatlyklaryna, yslam siwilizasiýasyna uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Siziň Türki Döwletleriň Guramasyndaky, ylaýta-da, bu guramanyň Aksakgallar geňeşindäki täsirli işleriňizi, türki dünýäniň jebisligi, raýdaşlygy we ösüşi ugrunda beýan edýän parasatly başlangyçlaryňyzy uly hormat bilen kabul edýändigimizi, olara ýokary baha berýändigimizi nygtamak isleýäris.

Siziň Alyhezretiňiziň 2025-nji ýylyň iýulynda Garabaga amala aşyran saparyňyz, şol sanda Şuşa şäherindäki Göwher Aga metjidine baranyňyzda eden doga-dilegleriňiz doganlygyň, ruhy gymmatlyklara, taryhy mirasa hormatyň aýdyň nyşany hökmünde halkymyz tarapyndan uly hormat-sarpa bilen kabul edildi. Siziň Alyhezretiňiziň başlangyjy esasynda Fizuli we Arkadag şäherleriniň doganlyk şäherler bolmagy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine täze itergi berjekdigine berk ynanýarys.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň aýratyn ünsüňiz, goldawyňyz Fizuli şäheriniň ilaty tarapyndan ýokary derejede ykrar edilýär hem-de biziň kalbymyzda çuňňur hoşallyk duýgularyny döredip, sebitiň ruhy durmuşyna täze ruh, ynam we umyt berýär. Bu belent ynsanperwer ädim doganlygymyzyň we raýdaşlygymyzyň nyşany hökmünde azerbaýjan halkynyň hakydasynda hemişelik galar. Fizuli şäherinde gurulýan we azerbaýjan-türkmen doganlygynyň ruhy nyşanyna öwrüljek bu metjidiň ýakyn geljekde Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagyňyz we ak pata bermegiňiz bilen açylmagyna biz — Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan ýokary ünsüňiz we uly tagallalaryňyz üçin Siziň Alyhezretiňize ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriňizde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Beýik Biribardan Türkmenistana we onuň halkyna gülläp ösüş, parahatçylyk hem-de durnuklylyk arzuw edýäris.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäheriniň ähli ýaşaýjylary.

Soňky habarlar
11.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk pudagy
11.02
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow