Baş sahypa
\
\
Ramazan Durdyýew Mary welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi
Ramazan Durdyýew Mary welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi
Çap edildi 27.01.2017
3224

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy. Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşyjylary R.Durdyýewiň zähmet ýolunyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyryp, onuň baý önümçilik tejribesini, ýokary hünär ussatlygyny we jogapkärçiligini, halkymyzyň we Watanymyzyň bähbitlerine gulluk etmäge ymtylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, täze geljegi uly nebit we gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösdürilmegine, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de ondan dünýä bazarynda uly islegden peýdalanylýan taýýar önüm öndürmek boýunça ekologiýa taýdan arassa zawodlaryň döredilmegine, täze eksport turbageçirijileriň, iň döwrebap himiýa önümçilikleriň kemala getirilmegine aýratyn üns berdi. Dalaşgär halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine milli baýlyklarymyzyň oýlanyşykly peýdalanylmagyny, senagatyň ösdürilmegini we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. R.Durdyýew häzirki zaman ylmy-tehniki gazananlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň toplumlaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet beriljekdigine ynandyrdy. R.Durdyýew oba hojalyk ulgamynaky özgertmelere degip geçip, bu pudagy ösdürmegiň geljegine degişli garaýyşlaryny beýan etdi. Dalaşgäriň pikirine görä, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna, şol sanda tarp ýerleriň özleşdirilmegine, suw howdanlaryň göwrüminiň artdyrylmagyna, zerur oba hojalyk tehnikalary, ösümlikleri goramak üçin himiiki serişdeleri satyn almaga goýberilýän maýa goýumlaryň möçberini köpeltmek zerurdyr., Tohumçylyk, seçgiçilik hem-de önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pudagy ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar. Daşaşgär durmuş ulgamyny ösdürmegiň geljegi hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi. Prezident wezipesine dalaşgäriň aýdyşy ýaly, raýatlaryň amatly ýaşaýyş jaýyny edinmäge, maşgala döretmäge, bilim almaga, işlemäge we dynç almaga hem-de beýlekilere bolan hukuklaryny goramak meseleleri hemişe onuň üns merkezinde bolar. R.Durdyýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hem-de köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, medeniýeti, şypahana-dynç alyş düzümlerini, ulag ulgamyny, welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ýaşaýyş toplumlaryny gurmak boýunça maksat edinýän işleri barada has jikme-jik gürrüň berdi. Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns berendikleri üçin bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawçylary halkymyzyň bähbidine, ýurdumyzyň kuwwatyny berkitmegiň hem-de mähriban Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow