Baş sahypa
\
\
Lebap welaýatynda dalaşgär Meretdurdy Gurbanow saýlawçylar bilen duşuşdy
Lebap welaýatynda dalaşgär Meretdurdy Gurbanow saýlawçylar bilen duşuşdy
Çap edildi 27.01.2017
3503

Lebap welaýatynyň merkezindäki S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgäriň maksatnamalaýyn çykyşyny diňlemäge, ýurdumyzy, hususan-da, welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky garaýşyny bilmäge gündogar sebitiniň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, ýaşulular, ýaşlar geldiler. Ynanylan wekil bu ýere ýygnananlary özüni jogapkär ýolbaşçy hem-de ak ýürekli raýat hökmünde görkezen dalaşgäriň zähmet terjimehalynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. M.Gurbanow özüni dalaşgärlige hödürländigi üçin raýatlaryň teklipçi toparyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk hem-de demokratik esaslaryny pugtalandyrmagy ileri tutjakdygyna ynandyrdy. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmegine ýardam berýän täze kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagy dowam eder. Dalaşgär içeri we daşary syýasatyň möhüm ugurlaryna degip geçip, parahatçylyk hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny giňeltmegi, hemme wajyp ulgamlarda, ilkinji nobatda, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmagy maksat edinýändigini nygtady. Obasenagat syýasaty azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini köpeltmegiň we goldamagyň, olary tehniki taýdan doly gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hem-de obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Çykyşynyň ahyrynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlaryny özgertmäge degişli käbir bölümleriniň üstünde has giňişleýin durup geçdi. Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylara üns berendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, olary Watana wepaly hyzmat etjekdigine, türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin özüne bagly ähli işleri ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow