Baş sahypa
\
\
Süleýmannepes Nurnepesow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi
Süleýmannepes Nurnepesow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi
Çap edildi 27.01.2017
3208

Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili S.Nurnepesowyň terjimehaly bilen ýygnananlary tanyşdyryp, ony päk ýürekli we ýokary derejeli hünärmen, iri pudak edaralarynyň ýolbaşçysy hökmünde uly tejribe eýe bolan şahsyýet hökmünde häsiýetlendirdi. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär öz çykyşynda saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň birnäçesi barada gürrüň berdi, olaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagyna, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer. Olaryň hatarynda nebitgaz senagatyny işjeň ösdürmek, elektroenergetika hem-de beýleki esasy pudaklary döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman zawodlaryny hem-de fabrikleri gurmak, döwlet tarapyndan daýhan birleşiklerini we kärendeçleri goldamak, hususy telekeçileriň başlangyçlaryny höweslendirmek ýaly wezipeler bar. S.Nurnepesow himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdi. Hususan-da, ýurdumyzda tebigy gazyň hem-de beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň ägirt uly gorlarynyň ýerleşmegi azot we kaliý dökünleriniň, beýleki himiýa önümleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Esasy meseleleriň gün tertibinde Garabogazköl aýlagynyň suw-mineral baýlyklaryny, Balkan ýodbrom ýataklaryny, Garlykdaky, Garabildäki, Týubegetandaky we türkmen topragynyň beýleki künjeklerinde ýerleşýän ýataklary özleşdirmek meseleleri bellenilýär. S.Nurnepesow duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, saglygy goraýyş hem-de bilim, ulag we durmuş ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlary işe ýerleşdirmek, günbatar sebitiň şäherlerinde hem-de obalarynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meselelerine degişli meýilnamalaryny has içgin beýan etdi. Dalaşgäriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özeni her bir raýat baradaky aladadan ybaratdyr, munuň özi “Döwle adam üçindir!” diýen şygarda beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu alada jogap edip, Watanymyzyň abadançylygyna öz goşandyny goşmalydyr. S.Nurnepesow ýygnananlara gyzyklanma bildirip, ünsli diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda ähli güýjüni, bilimini we tejribesini ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň gowulandyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow