Baş sahypa
\
\
Durdygylyç Orazowyň Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy
Durdygylyç Orazowyň Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy
Çap edildi 27.01.2017
3283

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär--Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlara Agrar partiýasy tarapyndan ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly beýan edildi. Dalaşgäriň ynanylan wekili D.Orazowyň guramaçylyk başarjaňlygyny hem-de hünär ussatlygyny belläp, oňa mahsus bolan täzeçil pkirlenmeleri we ýokary raýat jogapkärçilik duýgularyny, şeýle hem welaýatyň partiýa komitetiniň ýolbaşçysy hökmünde hormata mynasyp şahsy taraplaryny aýratyn belläp, onuň zähmet toparynda uly abraýdan peýdalanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berdi. D.Orazow ýygnananlara şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, özüniň halkymyzyň we ýurdumyzyň öňündäki ägirt uly jogapkärçiligine doly göz ýetirýändigini aýtdy, Watanymyz taryh üçin uzak bolmadyk özygtyýarly ösüş ýolunda dünýä bileleşiginde mynasyp orun aldy. Nygtalyşy ýaly, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy, hukuk binýatlarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Dalaşgär ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy taraplaryny jikme-jik beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda halkymyzyň jebisligine hem-de ruhy gymmatlyklaryna daýanyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Göz öňünde tutulýan çäreleriň hatarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, halk hojalyk toplumyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek wezipeleri bar. Döwletimiz geljekde hem oba ilatyny hemmetaraplaýyn goldamak, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny, gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirer. Duşuşygyň barşynda D.Orazow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olar obada ylmy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan maksatnamalar, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we täze iş orunlaryny döretmek meseleleri bilen gyzyklandylar. Ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmk hem-de köp şahaly ulag düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylara üns berip diňländikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli güýjüni hem-de tejribesini Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna gönükdirjekdigini ýene bir gezek ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow