Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Çap edildi 22.06.2025
1475

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Hormatly watandaşlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan taryhy özgerişlere beslenip, ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetýär, ata Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň halkara abraýy ýokary derejelere göterilip, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, syýasy durnuklylygy, agzybirligi berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleri barha rowaçlanýar.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik däplerini has-da berkidýär. Bitarap Watanymyzyň dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy ugrunda amala aşyrýan iri möçberli taslamalarymyz eziz Diýarymyzy Ýer ýüzüne giňden tanadýar. Asudalygyň, agzybirligiň hözirini görýän bagtyýar ilimiz toý-baýramlaryny uludan tutýar. Bularyň ählisi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan gelip çykýan belent maksatlaryň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri, döwrüň talabyna laýyk gelýän kämil eserleri döretmekleri, edebiýatymyzy we sungatymyzy has-da baýlaşdyrmaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalaryny has-da artdyryp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli medeni çärä öwrüler. Medeniýet hepdeligi medeniýet toplumynyň agzybir işgärleriniň göwünlerini galkyndyrýan, döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrýan sungat baýramydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetiň we sungatyň dabaralanmasydyr, joşgunly kalplaryň ylham çeşmesidir. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guralýan her bir çäre bagtyýar raýatlaryň watançylyk ruhuny artdyrmaga, ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrmaga ýardam berýär. Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň baý many-mazmunly boljakdygyna, bu sungat baýramçylygynyň dowamynda geçiriljek medeni çäreleriň — konsertleriň, döredijilik duşuşyklarynyň, şygryýet agşamynyň, maslahatlaryň, täze kinofilmiň hem-de sahna oýnunyň görkezilişleriniň gyzykly we täsirli boljakdygyna ynanýaryn.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän Ahal topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär. Bu mukaddes ýerler iň irki oturymly ýaşaýyş medeniýeti bilen meşhur bolan Altyndepe, gadymy ekerançylyk medeniýetini özünde saklaýan Änew, köp asyrlap dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen adygan Parfiýa şalygy, şeýle hem Paryzdepe, Şähryslam, Nusaý, Abiwerd, Sarahs ýaly medeni merkezleri bilen meşhurdyr. Gadymy Parfiýa ritonlarynyň ýüzündäki şekiller bu toprakda ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň köptaraplaýyn gülläp ösendigini görkezýär. Şu toprakda kemala gelen, Nisaýy, Abiwerdi, Sarahsy, Bagawy ady bilen meşhur bolan alymlaryň ylmy-edebi mirasy dünýäniň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeleýär.

Ahal topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň, edebiýatyň, sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Bu ýerde merdana halkymyzyň mertebesini dünýä dolduran milli gymmatlyklaryň ençemesi kemala geldi. Ol Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Baba Annanow, Mäti Kösäýew, Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Gurbannazar Ezizow, Gara Seýitliýew, Mämmet Seýidow, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Annaberdi Atdanow, Öwezgeldi Tekäýew ýaly ençeme medeniýet we sungat ussatlaryny dünýä beren toprakdyr. Meşhur sungat ussatlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň, şahyrlarymyzyň döredijilik we durmuş ýoly ýaş nesilleriň kalbynda milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza söýgi döretmekde, olaryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramyna gatnaşyjylar bolan Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow