Baş sahypa
\
\
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçiligi dowam edýärler
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçiligi dowam edýärler
Çap edildi 26.01.2017
3172

Prezident saýlawlaryna syn etmegiň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary – Ýerine ýetiriji sekretary W.Guminskiniň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda saýlawlara görülýän taýýarlyk çäreleri, şeýle hem GDA-dan Synçylar toparynyň işini guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda W.Hajyýew ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň milli kanunçylygyň çäklerinde halkara synçylarynyň işine ýardam berjekdigini, demokratiýanyň ähli kadalaryny berjaý etmek bilen, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmegiň Türkmenistan üçin örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Prezident wezipesine dalaşgär M.K.Annanepesowyň ynanylan wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler hödürlenilende hem-de bellige alynanda kanunçylygyň berjaý edilmegi, şeýle hem badalga alan wagyz işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda olar saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýändigini aýtdylar.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow