Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat
Jemgyýet
Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat
Çap edildi 12.06.2025
129

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim we ylym ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan binýady pugtalandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda döwletimiziň yzygiderli esasda alyp barýan bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ylym ulgamyna halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, bilim işi we ylmy usulyýetler, okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär. Degişli kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär, interaktiw, uzak aralykdan okatmagyň usullaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Hemmetaraplaýyn döwlet goldawy esasynda binýatlaýyn nazary we amaly ylmy barlaglaryň gerimi giňeldilip, alymlaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, ugurdaş düzümler döwrebaplaşdyrylýar. Daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri, halkara ylmy jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara arabaglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Tejribe alyşmak, ylmyň soňky gazananlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýylda guralýan bu iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Kataryň, Alžiriň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar. Sergide dürli pudaklaryň ösüşine goşant goşjak öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze taslamalar görkezildi. Myhmanlar maglumat tehnologiýalary, biotehnologiýalar, ekologiýa ýaly ulgamlarda soňky gazanylanlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Umumy mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu maslahatyň alymlaryň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary babatda özara tejribe alyşmaklarynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. “Milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak hem-de senagatlaşdyrmak ugrundaky işler bilen utgaşykly innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, täze ylmy işläp taýýarlamalary, oýlap tapyş çözgütlerini milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli maliýe, maddy-tehniki goldawlary berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belleýär.

Soňra dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar — Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Sirojiddin Mirzaýew, Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň baş alym-kätibi Wasiliý Gurskiý, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademik-kätibi Wladimir Papawa, Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça bilermeni Geworg Wardanýan, Alžir uniwersitetiniň ylmy geňeşiniň başlygy Ferial Filali, Pakistanyň Ylym we tehnologiýa ministrliginiň ylmy geňeşçisi Zona Zaidi, şeýle hem sanly ulgam arkaly Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Gabibbeýli, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň W.A.Almazow adyndaky Milli lukmançylyk ylmy-barlag merkeziniň Baş direktory Ýewgeniý Şlýahto öz çykyşlarynda wekilçilik edýän ylmy merkezleriniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.

Ilki bilen, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol çykyşynda türkmen-azerbaýjan ylmy gatnaşyklaryna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda ylym, medeniýet we sungat uly sepgitlere ýetdi. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň alymlarynyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimini öz içine alyp, barha pugtalandyrylýar. Azerbaýjanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy taýdan yzygiderli öwrenilip gelinýär. Şahyryň eserleri azerbaýjan dilinde birnäçe gezek neşir edildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýalarynyň işgärleriniň Magtymguly Pyragynyň 1913-nji ýylda Buharada çap edilen goşgular ýygyndysynyň esasynda şahyryň täze diwanyny çapa taýýarlamaklary we neşir etmekleri türkmen nusgawy edebiýatyny dünýä tanatmaga goşant boldy. Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky golýazmalar institutynda Magtymguly Pyragy ylmy-barlag merkeziniň açylmagy iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigine şaýatlyk edýär.

Çykyşlarda ylmyň we innowasiýalaryň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Bu günki gün ylym biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylmyň gazananlary jemgyýetimize, ykdysadyýete, saglygy goraýşa we durmuşyň beýleki ulgamlaryna uly täsirini ýetirýär. Ylym biziň daşky dünýä baradaky garaýyşlarymyzy kemala getirip, derwaýys meseleleri çözmäge ýardam berýär we täze gözýetimleri açýar. Forumyň dowamynda sebit üçin möhüm meseleleriň biri bolan seýsmiki töwekgelçilige baha bermek we çaklamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine-de üns berildi. Seýsmiki töwekgelçiliklere dogry we dürs baha bermek ýertitremeleriň döräp biläýjek zolaklaryny kesgitlemäge, zyýany azaltmak üçin netijeli çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Inženerçilik gözlegleri we seljerme çaklamalary ýertitremä garşy häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem çykyşlarda ykdysady ösüşi gazanmakda täze tehnologiýalaryň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze tehnologiýalar innowasion ykdysadyýetiň ösüşinde esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Sanlylaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak, emeli aň ýaly ylmyň soňky gazananlary diňe bir täze infrastrukturany kemala getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ösüşiň ugruny hem kesgitleýär.

Täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilik amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy, robototehnikanyň ulanylmagy zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, serişdeleri netijeli peýdalanmaga we bazar özgertmelerine uýgunlaşmaga ýardam berýär. Häzirki zaman tehnologiýalary täze işewürlik nusgalarynyň döremegine-de itergi berýär. Elektron söwdanyň, platforma çözgütleriniň, sanly hyzmatlaryň we maliýe tehnologiýalarynyň ösüşi innowasion önümleri döretmek, maýa goýumlary çekmek üçin mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, täze tehnologiýalar ylym, bilim, lukmançylyk ulgamlaryny ösdürmäge, netijede bolsa, uzak möhletleýin esasda ykdysady kuwwaty artdyrmaga ýardam berýär. Ylmy barlaglara, işläp taýýarlamalara maýa goýumlary gönükdirmek täze tehnologik sepgitlere ýetmäge we ählumumy innowasion giňişlikde öňdäki orunlary eýelemäge şert döredýär. Çykyş edenler täze tehnologiýalaryň diňe bir ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň guraly bolman, eýsem, häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşi, bäsdeşlige ukyplylygy we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýän hereketlendiriji güýçdügini hem nygtadylar.

Forumda häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada aýdyldy. Ýewropa, Aziýa we Afrika ýurtlaryny ulag, infrastruktura, ykdysady geçelgeler bilen baglanyşdyrýan bu giň möçberli transmilli taslama ýurtlara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, bilim, innowasion tehnologiýalary we medeni gymmatlyklary alyşmak üçinem möhüm köprä öwrülýär. Beýik Ýüpek ýoly boýunça ulag we logistika ugurlarynyň ösdürilmegi oňa gatnaşyjylara haryt dolanyşygyny çaltlandyrmaga, eksportyň, importyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Demir ýollaryň, portlaryň we logistika merkezleriniň gurluşygynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar ugurdaş pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Umuman, Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketlendirijisi hökmünde dünýä ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýan özboluşly taslamadyr.

Maslahatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada-da durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu hyzmatdaşlyk köp ulgamlary, şol sanda fizika, himiýa, biologiýa, lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlary öz içine alyp, GDA-da ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam berýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi GDA-nyň çägindäki ylmy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle başlangyçlar biziň ýurtlarymyzyň intellektual kuwwatyny birleşdirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa, öz gezeginde, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Dürli ýurtlaryň alymlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatlar ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäreler bilim we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup, täze ylmy garaýyşlary ilerletmäge, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA-da ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlarynyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmagyň ýolunda wajyp ädim bolup durýandygy nygtaldy. Tagallalaryň birleşdirilmegi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Arkalaşygyň ýurtlarynyň ylmy-tehnologik mümkinçilikleriniň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berer. Howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy wehimler bilen baglylykda, ylmy hyzmatdaşlyk sebitde durnukly ösüşiň zerur şerti bolup durýar.

Umumy mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular.

13-nji iýunda halkara ylmy maslahat Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika”; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary”; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasion ykdysadyýet”; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ynsanperwer ylymlar”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda “Milli miras we taryhy kökler — Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň binýady” atly bölümçelerde öz işini dowam eder. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleri we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Soňky habarlar
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
12.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
12.06
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
12.06
Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat
12.06
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny gut­la­dy
12.06
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şyjylara­
12.06
Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne
12.06
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hor­mat­ly Ser­dar Berdimuhamedowa
11.06
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry
top-arrow