Söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek halkymyzyň durmuş abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, Diýarymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, bazar gatnaşyklarynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Söwda ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolmak bilen, býujete gelýän salgytlaryň düýpli artmagyny üpjün edip, döwletiň maliýe taýdan durnukly ösmegine ýardam berýär. Bu ugur kiçi telekeçilikde kärhanalaryň mukdary boýunça hem, şol sanda zähmet çekýän adamlaryň sany babatda hem öňdäki orny eýeleýär. 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljek ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dowam etdirmek maksady bilen, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek hakynda resminama gol çekdi. Resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlarydyr maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhleti kesgitlenilýär. Geljek ýylyň býujeti we maliýe-ykdysady görkezijileri işlenip düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, hakyky mümkinçiliklerden, degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek, giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, hususy telekeçiligi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek geljek ýylyň baş maksatlary hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen sanlar we maglumatlar milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda söwdanyň hem-de telekeçiligiň durnukly ösýändigini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. Bu ministrlik ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden, zerur bolan halatynda, daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin elýeterli bahadan harytlaryň gerek bolan möçberini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar.
Diýarymyzda söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi we döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma we haly önümlerini, hususy önüm öndürijileriň dürli görnüşli harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly häzirki zaman önümçilikleri, kompýuterleşdirilen dolandyryş ulgamlaryny döretmek, öz önümlerimiziň hasabyna içerki bazaryň haryt üpjünçiligini ýokarlandyrmak, daşarky bazarlaryň isleglerini öwrenmek, geljegi uly pudaklaryň eksport mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar milli ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, şol sanda nah ýüplügiň önümçiligi 130,4 göterime, nah matalaryňky 136,7 göterime, gön önümleriniňki 124,5 göterime deň boldy. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan milli halyçylyk sungatyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy görnüşlerini dikeltmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ösen we ýokary netijeli söwda ulgamy haryt iberijilerdir önüm öndürijilere hil babatda ýokary talaplary bildirip, sarp edijilere ýetirilýän önümleriň hiline gözegçilik edýän ulgama gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, ol döwletiň ilatyň saglygyny goramak babatda tagallalaryna öz goşandyny goşýar. Häzirki wagtda ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň GSI halkara ulgamyna goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hilli türkmen harytlarynyň önümçiliginiň möçberiniň, olara bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutsak, önümler üçin ştrih kodlaşdyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, harytlaryň görnüşlerini köpeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe Türkmenistanda söwda gatnaşyklarynyň birža söwdasy ýaly görnüşleri ösüp başlady. Şu ýylyň bäş aýynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 124 sany birža söwdasy geçirilip, olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy. Önümleriň importyna we eksportyna täsir edýän dürli şertleri derňäp, Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurtda importyň hem eksportyň maksadalaýyklygyny kesgitleýär, eksport edilýän harytlaryň bahalaryna gözegçilik edýär. Diýarymyzda öndürilip, birža söwdalaryna çykarylýan önümler daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alynýar. Bu düzüm daşary ýurtlaryň biržalarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek bilen, öz işini döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistany dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşmak üçin haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda amallaryny höweslendirmek, harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri esasynda amala aşyrýar. Biržanyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk döwletiň bähbitlerine, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesiniň berilmegi gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsi boldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini, döwletimiziň daşary söwdasynyň geriminiň giňeldilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16-njy maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri forumdaky çykyşynda häzirki döwürde yslam dünýäsiniň öňünde duran möhüm meselelere ünsi çekip, Ýewraziýanyň bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu guşak Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli strategik arabaglanyşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biljek şeýle guşak haryt-nyrh syýasatyna we dünýä ykdysadyýetiniň umumy ösüşine oňyn täsirini ýetirer.
Şu ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurdumyzyň söwda ulgamynda goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygynyň nobatdaky mysaly boldy. Toparyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edilip, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak, türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasyna aýratyn üns berlip, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny, ýük dolanyşygyny artdyrmak babatda degişli ylalaşyk gazanyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada-da ylalaşyldy. Mundan başga-da, duşuşykda serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny guramak, bu ugurda “Ýol kartasyny” taýýarlamak, Türkmen-eýran işewürlik geňeşini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlanan Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Ulan-Batorda guralan forum iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň maýa goýum hyzmatdaşlygy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaklary üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkada hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatda-da aýdyň beýanyny tapdy. Üç günläp dowam eden foruma ýurdumyzyň döwlet, hususy düzümlerinden, daşary döwletleriň 30-dan gowragyndan wekiller gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy esasynda «Hil standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça barlaghana merkezi döredildi. Merkeziň işiniň hil derejesi ISO/IEC17025:2017 halkara standarty bilen tassyklanyldy. Türkmen kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.
Senagat we oba hojalyk pudaklaryny ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberi we gerimi düýpli artdy. Bu, öz gezeginde, milli haryt öndürijileriň eýeleýän orny barha pugtalanýan içerki bazarda isleg bildirilýän önümleriň artmagyna getirdi. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek we olary daşary ýurtlarda giňden ilerletmek boýunça möhüm wezipeler öňde goýuldy. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde harytlary öndürmek ulgamynda uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Milli haryt öndürijileriň önümleriniň ýokary hiliniň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň özboluşly nyşany bolan “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanynyň döwrüň talabyna laýyklykda döredilendigi mese-mälim ýagdaýdyr. Dürli ulgamlarda, şol sanda daşary söwda işinde ýetilen belent sepgitler munuň aýdyň güwäsidir.
Döwletimiz tarapyndan söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýän iri maýa goýumlar häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ykdysady nusgany döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýär. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy. Içerki bazary zerur önümler bilen üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän mukdaryny artdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary berkidilýär, hyzmatlar, söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilata, daşary ýurtly myhmanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 25-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça teklibi makullady. Döwrebap bazaryň çäginde dükanlar, ammar jaýlary, her biri 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän bazar, halkyň sarp edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazar, 150 orunlyk awtoulag satylýan meýdança, 200 orunlyk awtoduralga gurlar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalaryň möhüm ugry hem-de ösen döwletleriň derejesine ýetmegiň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ulgama geçmekde söwda ulgamyna-da möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet arkaly söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, sanly ekoulgamyň, innowasion işewürlik nusgasynyň emele gelmegini nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki döwrüň sarp edijileri amatlylyga, ekologik taýdan arassalyga uly üns berýär, wagtyny tygşytlamaga çalyşýar, özüne aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Olar maglumatlary almak üçin sanly tehnologiýalardan, dürli çeşmelerden işjeň peýdalanýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistanda söwdany sanlylaşdyrmak ulgamynda esasy iki ugry görkezmek bolar: olar häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmakdan we müşderileri içgin seljermekden ybarat. “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda internet ulgamynyň we internet hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan harytlary uzak aralykdan ýerlemegiň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ornaşdyryldy. Oňa uzak aralykdan söwdany ýola goýmak, şol sanda harytlary mahabatlandyrmak, şertnamalary baglaşmak, harytlary sarp edijilere eltip bermegiň tertibi boýunça umumy düzgünler girizildi. Şeýle-de onda sarp edijiniň ygtyýarlyklary we beýlekiler kesgitlenilýär.
Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyrylan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň hünärmenleri “Hengsheng Lianhua Investment Management Co., Ltd.” hem-de “Tongfang Hongkong Limited” ýaly öňdebaryjy hytaý kompaniýalary bilen bilelikde işleýärler. “Agzybirlik tilsimaty” haryt nyşany bilen öndürilýän enjamlar, şol sanda sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri, skanerler söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir hatarda, hyzmat etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary ösdürilýär, söwda edaralarynyň işini guramagyň tehnologiýasy, söwda nokatlarynyň önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edilmegi babatda halkara standartlara geçmek işi işjeň dowam etdirilýär. Munuň özi döwletiň ykdysady taýdan abadançylygynyň iň gowy görkezijisi bolup durýar we islendik ýurduň ösüşiniň özboluşly nyşany bolup hyzmat edýär.
Şeýlelikde, söwda edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda haryt bolçulygyny has-da giňeltmäge, netijede, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.