Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
Çap edildi 01.06.2025
1566

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen ýola goýlan netijeli dialog bu döredijilikli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Olaryň hatarynda Mongoliýa bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary bu ugurdaky möhüm ädim boldy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar toplumy taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, onuň täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ygrarlydyklarynyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. Dostlukly döwletiň Baştutany, beýleki belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar bilen bilelikde, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyrýan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açar.

...Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Asylly däbe görä, belent mertebeli myhmana mongol milli tagamy — gurt hödür edildi we ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden sapar mahaly özi üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.

2-nji iýunda — saparyň ikinji gününde Ulan-Batorda ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleri geçiriler. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy giriziler.

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň oňyn syýasy dialogy yzygiderli ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, biziň ýurtlarymyz birek-birege özara goldaw berýärler.

Şeýle hem hökümetleriň, daşary syýasat edaralarynyň we parlamentleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda bu gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de giňeltmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewürler düzümleriniň ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-mongol işewürler forumy hem muňa ýardam berer.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ylym-bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler, bu ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, häzirki zaman ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri hasaba almak bilen, bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin häsiýet berilmegine ýardam eder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa döwlet sapary hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Munuň özi iki dostlukly ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Soňky habarlar
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow