Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
Jemgyýet
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
Çap edildi 01.06.2025
230

Şu gün paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmegi daşky gurşawyndan öwrenen zatlaryna baglydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Boş wagtlarynda sport ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň ruhy kämillige ýetmäge mümkinçiligi artýar. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy bolsa Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda çagalaryň gatnaşmagynda halkara medeni çäreler, şol sanda çagalar festiwallary yzygiderli geçirilýär. Munuň özi Ýer ýüzüniň çagalaryna biziň ýurdumyz, onuň ýeten belent sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda çagalar hakynda uly alada edilýändiginiň ýene bir mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyza amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň bu merkeziň çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi we sagdyn bolup ýetişmekleri üçin möhüm işler alnyp barylýar. Gaznanyň goldawy bilen, howandarlyga mätäç ýaş raýatlara yzygiderli ýardam berilýär. Daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberilýär.

Ýakynda «Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Abraýly halkara ýaryşda gazanylan pul baýragy toparyň agzalarynyň haýyş etmegi bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň haýyr-sahawat gaznasyna geçirilen bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelmegi, şeýle hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy we kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün ediljekdigi ýaş nesillerimiz barada edilýän atalyk aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Täze obserwatoriýa çagalar üçin astronomiýanyň we älem giňişliginiň gyzykly hem-de syrly dünýäsine ýol açar. Bu ýerde iň döwrebap enjamlar arkaly okuw sapaklary geçiriler, çagalar asmandaky ýyldyzlary synlarlar. Munuň özi olara öz bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, ylmy açyşlaryň möhüm ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berer.

...«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabarada çykyş edenler häzirki döwürde berkarar Watanymyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin hemme şertleriň döredilýändigini, şol sanda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem döwrebap Medeniýet merkezleriniň, konsert meýdançalarynyň, sungat mekdepleriniň bina edilip, şolarda çagalaryň başlangyç, ýöriteleşdirilen bilim hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýandyklaryny bellediler. Bu bilim we medeniýet ojaklarynda ýaş zehinler ýüze çykarylýar, geljekki artistler, sazandalar, suratkeşler terbiýelenýär.

«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy hem medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we mundan beýläk-de baýlaşdyrmak boýunça başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam edýän döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, bu ulgam dünýä derejesinde kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde medeniýet we sungat işgärleriniň täze neslini kemala getirmek, milli sungatymyzyň inçe ýollaryny öwretmek we olary kämilleşdirmäge höweslendirmek ýaly wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, ýaşlar saýlap alan ugurlary boýunça dünýä derejesinde bilim alýarlar. Bu mümkinçilikler türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli ýaşlary kemala getirmäge itergi berýär.

Çykyşlarda ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Soňra dabara gatnaşyjylar täze merkeziň düýbüne ilkinji beton garyndysyny guýdular. Ilki bilen, ýaşuly nesliň wekilleri täze merkeziň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atýarlar. Soňra bolsa ýetginjek ýaşlar we çagalar hormatly ýaşulularyň göreldesine eýerip, beton garyndylaryny atdylar. Munuň özi merdana pederlerimiziň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Şol pursat dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy.

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirjek merkezde çagalaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny artdyrmagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklar hereket eder, sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar gurlar.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
02.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy
02.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
01.06
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
01.06
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
31.05
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
top-arrow