Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Dost-doganlygy wasp edip
Medeniýet
Dost-doganlygy wasp edip
Çap edildi 29.05.2025
5440

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler gatnaşdylar. Olar sahnada öz başarnyklaryny görkezip, çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdylar. Festiwal döredijiligiň, ýaşlygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüldi.

Festiwal Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Ýurdum meniň Bitarap» atly watançylyk mazmunly aýdym bilen açyldy. Watanymyza bolan buýsanjy we çuňňur söýgini beýan edýän bu aýdym festiwala gatnaşyjylaryň kalbynda ruhubelentlik duýgusyny döredip, ýurdumyzyň ösüşlerine guwanjyny artdyrdy.

Festiwala ýaş sazandalaryňdyr aýdymçylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döredijiliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly ýaş zehinleriň mümkinçiliklerini açmak, tejribe alyşmak we ýaşajyk artistleriň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmek üçin ajaýyp meýdança öwrüldi. Tomaşaçylar «Çagalar biziň şatlygymyz» atly edebi-sazly kompozisiýany uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ýaşajyk artistleriň ýerine ýetiren ajaýyp şygyrlary saz bilen utgaşyp, dabara gatnaşyjylaryň kalbynda ýakymly duýgulary oýardy. Onda ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän aladalar şahyrana beýan edildi. Edebi-sazly kompozisiýa şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Soňra Ýaşlar simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlar ýaňlandy. Olar birleşen çagalar horunyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary bilen utgaşyp, sahnada özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Dürli mazmunly aýdymlaryň ýaňlanmagy festiwalyň özboluşly aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Milli aýdym-sazlar bilen bir hatarda, ýaşajyk artistler meşhur daşary ýurt eserlerini hem höwes bilen ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar nusgawy we meşhur filmlerdäki sazlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Meşhur aýdym-saz eserleriniň ýerine ýetirilmegi festiwala aýratyn öwüşgin çaýyp, diňe bir ýaşajyk ýerine ýetirijileriň ussatlygyny däl, eýsem, olaryň aýdym-saz gyzyklanmalarynyň giňdigini hem görkezdi.

Festiwal ýene birnäçe günüň dowamynda aýdym-sazyň dürli žanrlary we görnüşleri bilen tomaşaçylary begendirmegi dowam eder. Sahnada naýbaşy nusgawy sazlar, şeýle hem Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň aýdym-saz medeniýetiniň baýlygyny hem-de köpugurlylygyny şöhlelendirýän döwrebap aýdymlar ýerine ýetiriler. Tomaşaçylar üçin ýaş zehinli aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlaryndan lezzet almaga mümkinçilik bolar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly joşgunly aýdym döredijilik agşamynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Ýaş nesliň ýurdumyza bolan buýsanjyny wasp edýän bu aýdym tomaşaçylaryň watançylyk duýgusyny belende göterip, dabaranyň iň ýatda galyjy pursatlaryny emele getirdi.

«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly paýtagtymyzyň medeni durmuşynda möhüm waka öwrülip, oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary oýarar hem-de sungatyň kalplary birleşdiriji güýjüne bolan ynamy pugtalandyrar.

Soňky habarlar
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
29.03
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
29.03
Ses bermek dowam edýär
29.03
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy
28.03
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow