Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 25-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýaýmakdan, milli arhiw işiniň esasy taglymat binýadyny ösdürmäge ýardam bermekden, bu ugurda gazanylanlary wagyz etmekden ybaratdyr.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken möhüm ähmiýetli Permanlarydyr Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlary hem-de geçen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň wakalaryna — iri forumlara, halkara maslahatlara, döwlet derejesindäki konsultatiw duşuşyklara, esasy senagat we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna berilýän syn bilen açylýar. Makalalarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde durmuşa geçirilýän ösüşleriň we özgertmeleriň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden, uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutmak bilen, Watanymyzyň gülläp ösüşi üçin ygtybarly binýady kemala getirmekden ybaratdyr.
Däp bolan “Täze neşirler” atly bölümde okyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, hususan-da, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, şeýle hem “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitaplary, 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çapdan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby, Magtymguly Pyragynyň özbek we gyrgyz dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylary barada tanyşdyrýan makalalary okap bilerler.
Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda möhüm işleri alyp barmakda Türkmenistanyň Döwlet arhiwine uly orun degişlidir. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň milletiň gaýtalanmajak taryhy-medeni gymmatlygynyň möhüm bölegi bolup durýan gymmatly resminama çeşmeleri saklanylýar.
Birnäçe mowzuklaýyn makalalar döwlet arhiw gullugynyň möhüm wezipeleriniň biri bolan ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň iş önümçilik we arhiw düzümlerine resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde usuly kömekleri bermeklige bagyşlanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, kagyza esaslanýan däp bolan resminama dolanyşygynyň düzümi we mazmuny özgerýär. Kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, döwrebaplaşdyrylmagy zerur bolan iş önümçiligini alyp barmagyň täze görnüşleri has giň gerime eýe bolýar. Häzirki zaman şertlerinde bu gullugyň işgärleriniň esasy wezipesi öňküligine, ýagny kagyz hem-de elektron resminamalary arhiwe tabşyrmagyň düzgünlerine eýermek hem-de olaryň aýawlylygyny üpjün etmek zerurlygynda galýar.
Žurnalda halkymyzyň meşhur şahsyýetleriniň — syýasatçy zenan Maýa Mollaýewanyň, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan professor Kakajan Muhammetberdiýewiň, tehniki ylymlaryň doktory, professor Aman Hanberdiýewiň, ýurdumyzyň maliýe we bank ulgamy işiniň başynda duran Gurban Durdy Geldiýewiň ömür hem-de zähmet ýollary baradaky makalalar toplumy hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Görnükli ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hususan-da, Türkmenistanyň halk artisti, sazanda Pürli Saryýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýew hakynda makalalaryň ýerleşdirilendigini hem bellemelidiris.
Beýik Watançylyk urşy mowzugy hemişe möhüm ähmiýetli boldy we şeýle bolmagynda hem galýar. Onda gazanylan Ýeňiş mähriban topragymyzdaky abadançylygyň we bagtyýarlygyň baky synmaz nyşany, ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes baýram hökmünde giňden bellenilýär. Türkmenistanly söweşijiler hiç hili ikirjiňlenmezden, gorky-ünjüsiz we uly buýsanç bilen Watan goragçylarynyň ägirt uly goşunynyň hatarynda deň söweşdiler. Mälim bolşy ýaly, Ýeňşiň gazanylmagynda frontda alnyp barlan agyr söweşler bilen bir hatarda tylyň jümmüşindäki işlere aýgytly orun degişlidir. Žurnalyň Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň Merkezi gaznasynyň resminamalaryna we fotosuratlaryna esaslanýan makalasy okyjylara bu hakda gyzykly maglumatlary hödürleýär. Ýurdumyz 1941-nji ýylyň sentýabryndan harby ýagdaý sebäpli göçürilen kärhanalaryň we bilim edaralarynyň eşelonlarynyň gelip düşýän ýerine öwrülipdir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabada Kiýewiň kinostudiýasy, Moskwanyň görkezme esbaplar fabrigi, Melitopolyň okuw ussahanasy, Woroşilowgradyň metal kombinaty, Kiýewiň termos zawody, Rostowyň tikinçilik fabrigi, Armawiriň temmäki fabrigi göçürilipdir. Beýik Watançylyk urşy döwründe Aşgabadyň zoologiýa bagynda Stalingradyň zoobagyndan getirilen 50 baş möçberindäki ýabany haýwanlar we guşlar ýerleşdirilipdir. Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherine Zawidowyň emeli deri fabrigi, Woroşilowgradyň howpsuzlyk ýüň guşaklaryny öndürýän fabrigi, Konstantinowyň basma begres matalary öndürýän kombinaty, Mary şäherine bolsa Mozdogyň tikinçilik fabrigi göçürilip getirildi. Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherinde Tuapseniň kreking zawodynyň sökülen enjamlarynyň binýadynda nebiti işläp çykarýan zawod guruldy. Türkmenistana göçürilen edaralaryň hatarynda ylmy-barlag we bilim edaralary hem bardy.
Şeýlelikde, neşirde çap edilen maglumatlar giň okyjylar köpçüliginde, aýratyn-da, taryhçylarda, mugallymlarda we ylmy işgärlerde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, şeýle hem iş önümçilik we arhiw gulluklarynyň işgärlerinde uly gyzyklanma döreder.
Žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli fotoresminamalaryň baý mazmunly toplumy hem ýerleşdirildi.