Baş sahypa
\
\
GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar neşir etdi
GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar neşir etdi
Çap edildi 25.01.2017
3152

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan synçylar toparynyň Ştabynyň habaryny getirýäris: Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan synçylar topary hem-de onuň Ştaby 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler. Prezident saýlawlaryna syn etmegiň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary—Ýerine ýetiriji sekretary W.Guminskiniň Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentligine geçiriljek saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlaw möwsüminiň barşy barada jikme-jik gürrüň berdi hem-de Prezident saýlawlaryna syn etmegi üçin GDA-nyň synçylar toparyna zerur şertleriň dörediljekdigini ynandyrdy. Öz nobatynda G.Myradowa GDA-dan bolan synçylar toparynyň işleriniň ýörelgeleri hem-de onuň işiniň guralyşy barada habar berildi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy. Şunda topar saýlawlaryň döwletiň içerki işi bolup durýandygyndan ugur alýar, toparyň wezipesi bolsa saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyk gelýändigine baha bermekden hem-de erkin we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Toparyň düzümine 80 töweregi synçylaryň girmegi meýilleşdirilýär. Şol sanda olaryň 10-sy uzakmöhletleýin esasda işlär. Toparyň Ştaby mundan beýläk-de öz işi barada habar berer.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow