Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi
Çap edildi 25.01.2017
1356

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky mejlis türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagyna bagyşlanyldy. Ikitaraplaýyn özara hereketleriň strategik ugurlaryna esasy üns jemlenildi. Ýangyç-energetika ulgamy şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň has iri taslamasy 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrylan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gazgeçirijisidir. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwlet ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça biziň ýurdumyzyň başlangyjyny goldaýar. Özbegistan “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) täze ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge örän işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady aragatnaşyklar durnukly oňyn depgine eýe boldy diýip nygtady. Muňa bolsa özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanýandygy şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky aragatnaşyklara hem uly üns berildi. Taraplar ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hem-de sport we syýahatçylyk ulgamynda özara hereketleri ösdürmek barada hem pikirlerini aýtdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow