Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ählihalk baýramy — Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň synmaz jebisligini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär. Paýtagtymyz baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýändigi bellärliklidir. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, onuň Konstitusiýasyna we Döwlet baýdagyna bolan buýsanjymyzy artdyran ýene bir şanly waka öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň dabaralanmasydyr. Watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýan Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň galkyndyryjy güýji bilen bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp geljegimizi gurýarys.
...Ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde seleňläp görünýän Konstitusiýa binasynyň öňünde baýramçylyk dabaralary badalga aldy. Ildeşlerimiziň aýratyn hormat bilen garaýan bu baýramy ýokary watançylyk ruhuny döretmek bilen, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, eneler, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary bar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda boýunça ugraýar. Onuň ugrunda Watan goragçylary hatara düzülipdir. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar.
Döwlet Baştutanymyz Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada gurnalan ýörite ýere geçýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz berkarar Watanymyzyň döwlet binýatlarynyň, demokratik esaslarynyň, köpasyrlyk halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýýar.
Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri Esasy Kanunymyzyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de halkymyz gadymy taryhynyň şan-şöhratyna oňat düşünip, bu ajaýyp baýramy bellemek bilen, ata-babalarymyzyň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berkararlygynyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende göterilmeginiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny, Watanymyzyň kuwwatyny, gülläp ösüşini alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi hem-de hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygary durmuş ugurly we toplumlaýyn ösüşiň durnuklylygyny üpjün edýän häzirki döwrümiziň jemgyýetçilik ösüşiniň nusgasyny kesgitledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan etmek bilen, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär hem-de raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar. Bu ýörelge Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň baş ugruny kesgitleýär. Konstitusiýamyzyň binýadynda birnäçe kanunlar kabul edilip, olarda konstitusion hukuklar has-da ösdürildi we kepillendirildi.
Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda halkymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň belent sepgitlerine buýsanmaga haklydyr. Bu üstünlikler döwletimiziň çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny ildeşlerimiziň doly goldamagy, giň gerimli özgertmeler işine işjeň gatnaşmagy netijesinde gazanyldy.
...Tiz wagtda ajaýyp binanyň töweregi hoşboý ysly ajaýyp ter gül desseleri bilen örtüldi. Olar türkmenistanlylaryň belent watansöýüjilik duýgularynyň aýdyň beýanydyr.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde oturdylan belent baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet tugy buýsançly parlaýar.
Asuda asmany bezeýän Watanymyzyň ýaşyl tugy türkmen halkynyň döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwynyň hasyl bolmagydyr, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň binýadynyň mizemezliginiň, agzybir halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşanydyr. Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaşyl baýdagymyz parlaýan belent sütünleriň gurulmagy halkymyzyň milli tugumyza mukaddeslik hökmünde belent sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdak meýdançasynyň öňünde saklanýar. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz belent baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we ählumumy derejede dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň nyşany bolup, bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň 1995-nji ýylda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen, ýaşyl tugumyzy halkymyzyň köpasyrlyk parahatçylyk söýüjilik däplerini alamatlandyrýan goşa zeýtun baldajygynyň şekili bezeýär. Häzirki wagtda Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň nyşany bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň binalarynyň öňünde buýsançly parlaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes tugumyzyň saýasynda ägirt uly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerip, ýurdumyzyň ähli şäherleri we obalary ajaýyp görnüşe eýe bolýar, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanyp, halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
***
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de dabaralar geçirildi. Olara belli artistler, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.