Baş sahypa
\
\
Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 25.01.2017
3197

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar--ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we iş başarnygy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, B.Atalyýewiň ynanylan wekili ony ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk edýän, ak ýürekli raýat hem-de ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. B.Atalyýew ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olary saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler ýoluny dowam etmegi göz öňünde tutýar. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak onuň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz serişdelerini almakda goldaw bermek, önümçilik hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny we enjamlaryny peýdalanmak üçin şertleri döretmek, karz hem-de debit iş amallaryny kämilleşdirmek hususy ulgamyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döreder hem-de telekeçileriň sany artar. B.Atalyýew saýlawçylaryň sebitleri ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berip, durmuş maksatnamalaryny mundan beýläk hem goldamagyň, dürli maksatly desgalaryň giň göwrümli gurluşyklarynyň hem-de şäherleri we obalary abadanlaşdyrmagyň, ylmy, bilimi ösdürmegiň, oba hojalyk pudagy özgertmegiň meseleleriniň mundan beýläk hem ileri tutuljakdygyny belledi. Dalaşgär halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryna esaslanýan hem-de döwletimize ýokary halkara abraýyny getiren Bitaraplyk syýasatyny dowam etjekdigini aýtdy. B.Atalyýew duşuşygyň ahyrynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, hukuk döwletiniň, halkymyzyň agzybirliginiň binýatlyk esaslaryny berkitmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow