Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 15.05.2025
101

Şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, maslahatlar Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Bu wakalar halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.

2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, maýa goýum we şäher gurluşygy ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki geljegi uly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynda sport ulgamynda türkmen-katar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň we täze başlangyçlary öňe sürmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

2-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirildi. Onda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek, migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara kadalary milli kanunçylyga ornaşdyrmak we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

4-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Günorta gaz geçelgesiniň maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy. Mejlisde Günorta gaz geçelgesiniň infrastrukturasyny giňeltmek, şol sanda «Trans Adriatic» turba geçirijisi arkaly gaz eksportynyň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem ony Günorta-Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlaryna ibermegiň mümkinçiligi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

5 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Parlamentara Birleşigiň ýolbaşçysy Tulia Akson, Baş sekretary Martin Çungong, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nuriddin Ismoilow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

7-8-nji aprelde Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çägini kesgitlemegiň, balykçylyk zolaklarynyň we Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini anyklamagyň meseleleri boýunça türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak babatda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

8-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine SPECA-nyň çäklerinde kabul edilen BMG-niň hukuk gurallaryny, kadalaryny, standartlaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda böwetleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyjy, BMG-niň hukuk gurallaryny, standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasy”, “SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş Konsepsiýasy” ýaly möhüm strategik resminamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi. Şunuň bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň we Ýewropanyň arasynda infrastruktura baglanyşygy, eksport mümkinçilikleri, energetika arabaglanyşygy, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, ulag we logistika pudagyna maýa goýumlary çekmek ýaly meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Şweýsariýa Konfederasiýasyna saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde durnukly ösüş, sanly geçiş, “ýaşyl” ykdysadyýet, Ýewropa sebitiniň çäginde hem-de onuň daşynda söwda we ulag ulgamlary bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, mejlisiň çäklerinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň Baş sekretary Rebeka Grinspan bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda bu guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem olara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmak üçin ýollanan resmi çakylyk hatlary gowşuryldy.

Ženewa saparyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Onda BSG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

8-nji aprelde Türkmenistanyň we Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda nebitgaz we demir ýol pudaklary, dokma senagaty, oba hem-de suw hojalygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

10-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda maglumat, kiber we internet howpsuzlygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde guramagynda geçirilen “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işe başlamaga çagyryş bolup durýandygy bellenildi.

11-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şol gün Gazagystan Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde dördünji Antalýa diplomatiýa forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň çäklerinde ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça birnäçe mowzuklaýyn bölümçeler guraldy. Çykyşlarda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy abadançylyga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygy bellenildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ylym we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň bilim edaralarynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi.

14-nji aprelde Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdun bilen geçirilen duşuşygyň barşynda strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine üns çekildi hem-de halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijeliligi nygtaldy.

15-nji aprelde Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini we mümkinçilikleri barada bellediler.

15-16-njy aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» strategik dialogynyň üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maýa goýumlar, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda strategik dialoga gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Haled Al-Ahmad Al-Mubarak Al-Sabah, Bahreýn Patyşalygynyň we Oman Soltanlygynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.

17-nji aprelde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag ulgamynda ysnyşykly we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, halkara ýük daşamalaryň hukuk we logistika binýadyny kämilleşdirmegiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň halkara guramalardaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Mundan başga-da, howpsuzlyk, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hereketleriň Aşgabat maksatnamasy (2024 — 2035) we Durnukly ulagyň onýyllygy (2026 — 2035) bilen baglylykda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygy ösdürmek” atly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, žurnalistler gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, köpşahaly, howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeler we amaly ädimler maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi.

21 — 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri bilelikdäki gatnaşyklarda toplanan tejribäni we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly güýjünde herekete getirmek bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

23-nji aprelde ýurdumyzyň wekiliýeti Tbilisi şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Onuň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Syny dowam etmek bilen, 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň geçirilendigini bellemek gerek.

24-nji aprelde Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Onda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şol sanda işjeň syýasy dialogy dowam etdirmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk guralyny, hususan-da, hökümetara topary ýa-da iş geňeşini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Ženewadaky ýörite wekili Zorisa Uroşewiç bilen geçirilen duşuşykda syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy hem-de ulgamlaýyn dialogy berkitmegiň, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

25-26-njy aprelde Türkmenistanyň wekilleri Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdylar. Onda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň, ähli ugurlary öz içine alýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, ulag aragatnaşygyny giňeltmegiň, durnukly ösüş we ekologiýa meseleleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

28-nji aprelde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen geçirilen duşuşykda ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy, raýdaşlygy, özara düşünişmegi ösdürmegiň guraly hökmünde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Parahatçylyk we sport guramasynyň ugry boýunça uly göwrümli çäräni bilelikde geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini” durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy ilerletmek, adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge umumy çemeleşmeleri işläp düzmek 28-29-njy aprelde Arkadag şäherinde geçirilen YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň esasy meselesi boldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han, Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýew bilen duşuşyklary geçirildi.

28 — 30-njy aprelde Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi geçirilip, onda iki ýurduň çäginde üstaşyr daşamalary işjeňleşdirmek, multimodal konteýner ugurlaryny ösdürmek hem-de awtomobil, demir ýol we suw ulagy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine uly üns berildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde guralan Almaty prosesiniň üçünji ministrler maslahatyna gatnaşdy.

29-njy aprelde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym gaznasynyň prezidenti, professor Seýed Komail Taýebi bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we sebitde ykdysady ösüşe, arabaglanyşyga ýardam bermek üçin ylym, tehnologiýa, innowasiýalar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Ulag we aragatnaşyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk, bu ulgamda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň çäklerinde port infrastrukturasyny öz içine almak bilen, demir ýol, deňiz we howa ulaglary pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri 30-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça Ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahi bilen geçirilen duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.

Aprel aýynda Daşary işler ministrliginde Horwatiýa Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de Somali Federatiw Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Mongoliýadaky we Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri öz ynanç hatlaryny gowşurdylar.

30-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

Aprel aýynyň wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan dürli çäreleri hem belläp geçmek möhümdir. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri”, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri, şol sanda «Türkmenistan we Türkiýe: häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlary» atly işewürlik maslahatyny görkezmek bolar.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
16.05
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
16.05
Türkmenistanyň Milli pawilýony «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde
15.05
2025-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
15.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
15.05
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
15.05
Çagalar baradaky alada
15.05
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
14.05
Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14.05
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
14.05
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow