Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.
Myhmanlar wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler hem-de ony pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandyna aýratyn üns çekdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS” kompaniýasynyň wekillerini mähirli mübärekläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini we bu döwürde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny, şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň alyp barýan işi üçin hormatly Prezidentimiziň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede guralýan özara saparlar we duşuşyklar barada aýdyp, Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň ýurdumyza birnäçe gezek sapar bilen gelendiklerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem Malaýziýa döwlet we resmi saparlarynyň guralandygyny belledi.
Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary hem ýokary derejede geçirildi. Bu saparyň netijeleri boýunça 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu bolsa Türkmenistan bilen Malaýziýanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň, netijeli hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alyp barýan netijeli işi aýratyn nygtaldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde diňe häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary däl-de, eýsem, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan senagat pudagyndaky iri taslamalary hem göz öňünde tutýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigini aýdyp, türkmen tarapynyň özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary netijesini görkezýän bu resminamalar esasynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek ugrunda işlemäge taýýardygyny tassyklady hem-de kompaniýanyň wekillerini bu ugurda gazanylan üstünlik bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda «PETRONAS» kompaniýasyna diňe bir maýa goýujy hökmünde däl-de, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary saklaýan we umumy garaýşy bolan strategik hyzmatdaş hökmünde-de garalýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz kompaniýanyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamak, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini artdyrmak bilen bagly okuwlary guramaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Hormatly Arkadagymyz bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny belledi we gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselä ünsi çekip, ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de birek-birege hormat goýmak, açyklyk we umumy maksatlar ýörelgeleri esasynda alnyp baryljakdygyna berk ynam bildirip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde kompaniýa hemmetaraplaýyn ýardamyň beriljekdigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini aýdyp, «PETRONAS» kompaniýasynyň wekillerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.