Baş sahypa
\
\
Süleýmannepes Nurnepesow Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy
Süleýmannepes Nurnepesow Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy
Çap edildi 25.01.2017
3132

Köpetdag eteginiň saýlawçylarynyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Bu ýere Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Ynanylan wekil ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, S.Nurnepesowy täzeçillik başlangyçlaryny öňe sürýän tejribeli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirip, işlän ýerlerinde özüni iş başarýan we jogapkärli hünärmen hökmünde görkezendigini aýtdy. Soňra döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna hormat bilen garşylandyklary üçin hoşallyk bildirip, S.Nurnepesow saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy wezipelerini we ugurlaryny beýan etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, pudagy mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak, nebit we gaz çykarmagy yzygiderli artdyrmak arkaly ýurdumyzyň baý nebitgaz serişdelerini netijeli özleşdirmek agzaldy. Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen oba hojalygyny özgertmäge, ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ýokary hilli ýerli çig mal bilen doly üpjün etmäge, daýhanlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ulag we aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak boýunça giň göwrümli maksatnamany durmuşa geçirmäge hem wajyp orun berilýär. Dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly minerallaryň iň iri ýatagy bolan Garabogazköl aýlagynda senagat önümçiligini ösdürmek hem üns merkezinde durýar. Mundan başga-da, aýlagyň mineral ätiýaçlyklary üsti doldurylýan çig-mal baýlygy bolmak bilen, magniý we natriý duzlarynyň çeşmesidir. Şeýle hem dalaşgär Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmäge-de uly üns bermegi göz öňünde tutýar. S. Nurnepesowyň mälim etmegine görä, ol türkmen halkynyň ähli babatda ajaýyp durmuşyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýarlygyny we gülläp ösüşini üpjün etmekde özüniň beýik borjuny we jogapkärli wezipesini görýär.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow