Baş sahypa
\
\
Türkmenistanda GDA-nyň synçylar topary işe başlady
Türkmenistanda GDA-nyň synçylar topary işe başlady
Çap edildi 25.01.2017
1207

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylar topary işe başlady. Olar 12-nji fewralda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda türkmen tarapynyň çakylygy boýunça paýtagtymyza geldiler. Mälim bolşy ýaly, ozal ýurdumyza Ýewropa döwletlerinden we abraýly halkara guramalaryndan, şol sanda ŞHG-den we ÝHHG-den synçylar çagyryldy. Olara degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de saýlawlaryň geçiriljek güni ses berlişine syn etmek mümkinçiligi dörediler. Synçylaryň hatarynda Türkmenistana ilkinji bolup GDA-nyň wekiliýeti geldi. Oňa GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiiň Başlygynyň-Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wiktor Guminskiý ýolbaşçylyk edýär. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda geçirilen duşuşygyň barşynda degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy. Myhmanlar Merkezi saýlaw toparynyň bellän çäreleriniň meýilnamasy, saýlaw toparlarynyň düzümi, saýlaw resminamalarynyň nusgalary, umuman, ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň täze kabul edilen Saýlaw kodeksinde hereket edýän halkara kadalarynyň esasy ýörelgeleri—ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň bäsleşik esasynda geçirilýän saýlawlara meýletin gatnaşmagy, ähli görkezilen dalaşgärler üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz-nesihat işleriniň erkinligi, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goralmagy, aýdyňlyk we açyklyk ýaly ýörelgeler berkidildi. Halkara synçylaryň öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä--Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtmak bilen, olaryň işlemegi üçin saýlaw möwsümine syn etmek, şol sanda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşmak üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilendigi aýratyn bellenildi. Hususan-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýardam etmeginde zerur guramaçylyk tehnikalary we aragatnaşyk bilen üpjün edilen Missiýanyň ştaby açyldy. Missiýanyň işgärleriniň wezipe borçlaryna synçylaryň işlemegine ýardam etmek, guramaçylyk meselelerini çözmek, sebitler boýunça olary bölmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän güni olaryň işiniň tertibini kesgitlemek, hasabatlarynyň nusgalaryny we seljermelerini taýýarlamak, beýleki toparlar bilen iş gatnaşyklaryny ýola goýmak işleri girýär. W.Guminskiniň belleýşi ýaly, GDA-nyň Synçylar topary öz işini döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan, umumylykda kabul edilen halkara kadalarynyň esasynda amala aşyrar. Missiýanyň wezipesi erkin we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam etmek bolup durýar.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow